Germaniýanyň çempionatynda möwsümiň tamamlanmagyna 2 tapgyr galanda çempion belli boldy. 32-nji tapgyryň çäginde “Bawariýa” myhmançylykda “Leipsig” bilen duşuşyp, 6 goluň geçirilen oýny 3-3 hasabynda deňlikde tamamlandy. Bu oýunda “Bawariýa” çempionlyk üçin ýeňiş ýeterlikdi. Ýöne ýer eýeleri 1-nji ýarymda Şeşko hem-de Klostermannyň gollary bilen 2-0 öňe saýlandy. 2-nji ýarymda özüni dürsän münhenliler Daýer, Olise hem-de Saneniň gollary esasynda 3-2 öňe geçdi. Emma duşuşygyň 90+5-nji minutynda Ýussif Poulsen hasaby deňläp, “Bawariýanyň” çempionlygynyň ertirki güne galmagyna sebäp boldy.

Ertesi güni 2-nji ýerdäki “Baýer” myhmançylykda “Fraýburg” bilen duşuşdy. Duşuşykda “Baýer” 3 utuk gazanyp bilmese, “Bawariýa” çempion diýmekdi. Bu şeýle-de boldy. Ýer eýeleri Eggeştaýn (44) hem-de Inkapieniň (49 ö.d.) gollary bilen 2-0 öňe geçdi. Ýöne kembekleriň hökmümdary hasaplanýan “Baýer” hasaby deňlese-de, olara ýeňiş gazanmak nesip etmedi. Soňky 10 minutda Wirts (82) hem-de Tanyň (90+3) gollary esasynda hasaby deňlän “Baýer” topary 1 utuk bilen kanagatlanmaly boldy.

Şunlukda, “Bawariýa” 1 möwsümlik arakesmeden soň, “Bundesligadaky” 33-nji, Germaniýanyň çempionatyndaky 34-nji çempionlygyny baýram etdi. “Bawariýa” soňky 13 möwsümde 12-nji gezek çempion boldy. Toparyň angliýaly meşhur hüjümçisi Harri Keýn, şol sanda onuň watandaşy Erik Daýer karýeralaryndaky ilkinji kubogyny gazandy. Toparyň germaniýaly ýyldyzy Tomas Müller bolsa 13-nji gezek “Bundesliganyň” çempiony boldy. Ol uelsli Raýan Giggzden soň bir klubda iň köp çempionlyk gazananlyk gazanan 2-nji futbolçy hökmünde hasaba alyndy.

Çempionatda soňky tapgyrlarda yzygiderli ýeňişler gazanýan Dortmundyň “Borussiýasy” Girassi hem-de Adeýeminiň hersiniň 2 gol geçiren duşuşygynda öz meýdançasynda “Wolfsburgy” 4-0 hasabynda ýeňip, 5-nji orna beýgeldi.

Hoffenhaým – Bohum: 0-0,

Leipsig – Bawariýa: 3-3 (Şeşko 11, Klostermann 39, Poulsen 90+5 – Daýer 62, Olise 63, Sane 83),

Borussiýa M – Hoffenhaým: 4-4 (Kiarodia 5, Raýts 32, Onora 64, Klýaýndinst 90+1 – Çawes 43, Bülter 54, Gložek 74, Tabakowiç 82),

Union Berlin – Werder: 2-2 (Rote 38, Beneş 84 – Stage 2, 15),

Sankt-Pauli – Ştutgart: 0-1 (Woltemade 88),

Borussiýa D – Wolfsburg: 4-0 (Girassi 3, 59, Adeýemi 69, 73),

Augsburg – Holştaýn: 1-3 (Munie 90 – Matino 25 p, Bernhardsson 40, 51),

Fraýburg – Baýer: 2-2 (Eggeştaýn 44, Inkapie 49 ö.d. – Wirts 82, Ta 90+3),

Maýns – Aýntraht: 1-1 (Burkardt 57 – Kristensen 16)