Dünýäniň iň gadymy futbol bäsleşigi bolan Angliýanyň FA Kubogynda täze ýeňiji peýda boldy. 154 ýyllyk ýaryşyň 144-nji geçirilişinde Londonyň “Kristal Palas” topary ilkinji gezek kubogy eýeledi.
Londondaky “Wembley” stadionynda “Mançester Siti” bilen duşuşan “Kristal Palas” topary garşydaşyny 1-0 hasabynda ýeňdi. 84 müň 163 janköýeriň tomaşa eden duşuşygyndaky ýeke-täk goly 16-njy minutda Ebereçi Eze geçirdi. Oýnuň 36-njy minutynda “Mançester Sitiniň” müsürli ýyldyzy Omar Marmuş penaltini dürs urup bilmedi. Şunlukda, 1-0 hasabynda ýeňşini baýram eden “Kristal Palas” kluby özüniň 119 ýyllyk taryhynda ilkinji uly kubogyny asmana göterdi.
Awstriýaly Oliwer Glasneriň tälimçiligindäki “Kristal Palas” bu kubogy azyndan 1 gezek gazanan 45-nji klub boldy. “Kristal Palas” topary 3-nji finalynda ilkinji ýeňşini gazanyp, mundan öň 1990-njy we 2016-njy ýyllarda finalda “Mançester Ýunaýtedden” asgyn gelipdi. “Kristal Palas” topary täze möwsümde taryhynda ilkinji gezek UEFA-nyň klub ýaryşlaryna gatnaşar.
Bassyr 3-nji gezek finala çykyp, soňky 2-sinde utulan “Mançester Siti” topary 7 sapar kubogy gazanypdy. 7-nji gezegem finalda utulan “Mançester Siti” topary 2016/17 möwsüminden soň ilkinji gezek bir möwsümi kuboksyz tamamlar.