4-nji iýunda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwalynyň açylyş dabarasy boldy
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Daşary işler ministrligi we Balkan welaýat häkimligi tarapyndan guralan çärä gatnaşmak üçin «Awaza» akwaparkyna Hökümet agzalary, halkara guramalaryň, ugurdaş ministrlikleriň ýolbaşçylary we wekilleri, Eýrandan, Hindistandan, Täjigistandan, Özbegistandan medeniýet we sungat işgärleri, alymlar, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyplary ýygnandylar.
Forumyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiziň Gutlagy uly üns bilen diňlenildi. Onda “Parahatçylyga, dost-doganlyga söýgi döretmekde tans we folklor sungatyna aýratyn orun degişlidir. Çünki sungatyň güýji ynsan kalbynda hoşniýetli arzuwlary kemala getirýär, adamlary biri-birine ýakynlaşdyrýar, dostlaşdyrýar. Bu halkara festiwalyň esasy maksady hem biziň dostlukly gatnaşyklarymyzy ösdürmekden, medeni ulgamda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmakdan ybaratdyr” diýip, bellenilýär.
Soňra akwaparkyň sahnasynda bilelikdäki konsert geçirildi. Tomaşaçylar dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen tans toparlaryny mähirli garşy aldylar. Olaryň käbirleri ýurdumyzda geçirilen halkara medeni çärelere ençeme gezek gatnaşdylar. Sahnada dürli halklaryň saz sungatynyň köpöwüşginliligi öz beýanyny tapdy, milli aýdymlar ýerine ýetirildi we gadymdan gelýän däpleriň özboluşlylygy şöhlelendirildi.
Dünýä halklarynyň medeniýetiniň dürli tarapdan öwrenilmegine, dostlugyň we ylalaşygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen halkara festiwalyň esasy mazmuny artistleriň çykyşlarynda öz beýanyny tapdy. Köp sanly tomaşaçylar dünýä halklarynyň aýdym-saz sungatyny özünde jemleýän ajaýyp sahna oýnuna tomaşa etdiler hem-de gadymy saz gurallarynyň jadylaýjy owazyndan lezzet aldylar.
Ýurdumyzyň meşhur tans we folklor toparlary, halk tanslaryny we aýdymlaryny ýerine ýetirijiler konsertde türkmen sungatyna wekilçilik etdiler. Olaryň ýerine ýetiren «Küştdepdi» tansy bolsa tomaşaçylarda we festiwala gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Artistler asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan belent heňli horeografik mukamyň üsti bilen milli däp-dessurlaryň many-mazmunyny açyp görkezýärler. Şonuň üçin-de tansyň depgini ýokarlandygysaýy, tansçylar öz çalasyn hereketleri bilen geçmişiň, häzirki döwrüň hem-de nesilleriň arasyndaky aýrylmaz arabaglanyşyk duýgusyny döredýärler.
Halkara festiwalyň çäklerinde «Daýanç» sagaldyş we dynç-alyş merkeziniň mejlisler zalynda «Küştdepdi — parahatçylyk waspçysy» atly halkara maslahatyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
«Küştdepdi» milli aýdym we tans dessurynyň özboluşlylygy hem-de gadymylygy göz öňünde tutulyp, ol 2017-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Çünki bu tans geçmişi we şu güni, şeýle hem dürli medeniýetleriň wekillerini birleşdirýän özboluşly durmuşy mazmuna eýedir.
Üç günüň dowamynda döredijilik duşuşyklary we tans sungaty boýunça ussatlyk sapaklary geçiriler. Her agşam halk döredijilik, folklor-etnografik toparlary çykyş edip, öz halkynyň milli sungatyny görkezerler.
6-njy iýunda «Awaza» akwaparkynda «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwalynyň ýapylyş dabarasy, degişli diplomlaryň gowşurylyşy hem-de döredijilik toparlarynyň bilelikdäki jemleýji konserti bolar.