Ýurdumyz oňyn Bi­ta­rap­lyk, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk we açyk­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sy ug­ry dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len, se­bit­le­ýin hem-de hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek ug­run­da çy­kyş ed­ýär.
Türk­me­nis­tan bi­len Hin­dis­ta­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar ba­ra­da aý­dy­lan­da bol­sa, ola­ryň dost­luk­ly, öza­ra hor­mat goý­mak hem-de yna­nyş­mak hä­si­ýe­ti bi­len ta­pa­wut­lan­ýan­dy­gy­ny tu­ruw­baş­dan bel­le­mek ge­rek. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň 2010-njy ýyl­da bu ýur­da bo­lan döw­let sa­pa­ry türk­men-hin­di hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ta­ry­hyn­da mö­hüm tap­gy­ra öw­rül­di hem-de äh­li ugur­larda ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek üçin yg­ty­bar­ly esas goý­dy.
Hä­zir­ki dö­wür­de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda iki ýurduň arasyndaky däp bo­lan döw­le­ta­ra gat­na­şyk­lar köp­ta­rap­la­ýyn esas­da, hu­su­san-da, «Mer­ke­zi Azi­ýa – Hin­dis­tan» gör­nü­şin­de pug­ta­lan­dy­ryl­ýar. Baý te­bi­gy se­riş­de­le­re eýe bo­lan Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry bu gün «Mer­ke­zi Azi­ýa–Hin­dis­tan» ener­ge­ti­ka köp­rü­si­ni dö­ret­me­giň üs­tün­de iş­le­mä­ge ukyp­ly­dyr. Ýur­du­myz öz hyz­mat­daş­la­ry bi­len bi­le­lik­de giň ge­rim­li ener­ge­ti­ka tas­la­ma­sy­ bolan Türkmenistan–Ow­ga­nys­tan–Pa­kis­tan–Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy­ny ama­la aşyr­ýar. Türk­men ta­ra­py hin­dis­tan­ly hyz­mat­daş­lar bi­len elekt­rik ener­ge­ti­ka­sy ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga-da taý­ýar­dyr. Ha­ryt­la­ry we hyz­mat­la­ry er­kin ge­çir­mek me­se­le­le­ri­ni çöz­mek mak­sa­dy bi­len, ýur­du­myz hin­di ta­ra­py­nyň Ça­ba­har por­tu­ny De­mir­ga­zyk – Gü­nor­ta hal­ka­ra ulag ge­çel­ge­si­niň dü­zü­mi­ne goş­mak hem-de bi­le­lik­dä­ki Iş to­pa­ry­ny dö­ret­mek ha­kyn­da­ky tek­lip­le­ri­ni gol­da­ýar.
2022-nji ýyl­da «Mer­ke­zi Azi­ýa – Hin­dis­tan» gör­nü­şin­de döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da ýo­ka­ry de­re­je­li sam­mit ge­çi­ril­di. Bu gör­nüş­de eý­ýäm köp ýyl­­dan bä­ri da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­la­ry­nyň de­re­je­sin­de du­şu­şyk­lar ge­çi­ri­lip ge­lin­ýär. Go­laý­da «Mer­ke­zi Azi­ýa–Hin­dis­tan» dia­lo­gy­nyň çäk­le­rin­de da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň no­bat­da­ky mej­li­si ge­çi­ril­di. Şol mej­li­siň çäk­le­rin­de işe­wür­ler ge­ňe­şi­niň mej­li­si gu­ral­dy. Mej­li­siň do­wa­myn­da Mer­ke­zi Azi­ýa­da döw­re­bap inf­rast­ruk­tu­ra dö­re­dil­me­gi­ne aý­ra­tyn üns be­ril­di.
Soň­ky ýyl­lar­da Hin­dis­tan bi­len Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň ara­syn­da­ky söw­da we yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­lar­da ep-es­li ösüş ga­za­nyl­dy. 2014-nji ýyl­da söw­da­nyň möç­be­ri 500 mil­li­on ABŞ dol­la­ryn­a golaý bo­lan bol­sa, hä­zir bu gör­ke­zi­ji 2 mil­liard ABŞ dol­la­ry­na ýet­di. Far­ma­sew­ti­ka önüm­le­ri Hin­dis­ta­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa esa­sy eks­por­ty bol­ma­gyn­da gal­ýar. Hin­dis­tan UPI, «Aad­ha­ar» we «Di­gi­Locker» ýa­ly plat­for­ma­lar­da sebit ýurt­la­ry bi­len hyz­mat­daş­lyk et­mek is­le­ýär. San­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we eme­li aň prog­ram­ma­la­ry­ny ulan­mak söw­da we yk­dy­sa­dy ösüş üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri açyp bi­ler.

Beg­my­rat MY­RA­DOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.