Angliýanyň 2-nji ligasy “EFL Championship”-de 23-nji orunda barýan “Lester Siti” topary 3-nji liga (League One) düşdi. 2016-njy ýylda taryhy başarnyk görkezip, “Premier Liganyň” çempionlygyny gazanan “Lester Siti” topary 44-nji tapgyrda öz meýdançasynda “Hall Siti” bilen 2-2 hasabynda deňme-deň oýnady. Bu deňlikden soň olaryň matematik hasaplamalara görä, täze möwsümde 2-nji ligada çykyş etmek mümkinçiligi galmady. Şu möwsümde maliýe “fair-play” düzgünleri esasynda 6 utugy hem aýrylan topar 44 oýunda 42 utuk toplady. 12 utugy aýrylan “Şeffild Wensdeý” topar –3 utuk bilen iň soňky orunda bolup, olar bir eýýäm 3-nji liga düşüpdi.
2015/16 möwsüminde italiýaly hünärmen Klaudio Ranieriniň tälimçiliginde futbolyň taryhynda seýrek duş gelýän hadysa bolupdy. “Lester Siti” şol möwsüm futbolyň iň öňdebaryjy ligasy hasaplanýan Angliýanyň “Premier Ligasynda” läheňleriň arasyndan saýlanyp, taryhynda ilkinji gezek çempionlyk gazanypdy.
Toparyň ozalky eýesi, tailandly işewür Wiçai Sriwaddhanaprabhanyň 2018-nji ýylda aradan çykmagyndan soň klub maliýe babatda kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolup başlady. “Lester Siti” topary 2023/24 möwsümini-de 2-nji ligada geçiripdi, ýöne 1 ýyldan soň täzeden ýokar liga dolansa-da, ýene-de şowsuzlyklaryň netijesinde “EFL Championship”-e düşüpdi.
2-nji liganyň iň köp çempionlyk gazanan topary (8 gezek) “Lester Siti” taryhynda 2-nji sapar 3-nji ligada çykyş eder. “Lester Siti” mundan öň 2008/09 möwsümini 3-nji ligada geçiripdi. Ýöne bu gezek maliýe babatda ýetmezçilikler düzeldilmedik ýagdaýynda toparyň 3-nji ligadaky başdan geçirmesi 1 möwsümlik bolmaz. Hatda 4-nji liga düşmekleri hem mümkin diýlip bellenilýär.
PDF









