AFK Çempionlar Ligasy Elite ýaryşynda Saud Arabystanynyň “Al-Ahli” topary çempionlyk gazandy. Arap kluby bu ýyl hem finalda ýapon toparyny ýeňlişe sezewar etdi. Saud Arabystanynyň Jidda şäherindäki “King Abdullah Sports City” stadionynda oýnalan finalda “Al-Ahli” topary Ýaponiýanyň “Maçida Zelwia” topary bilen duşuşdy. Çekeleşikli we dartgynly geçen oýna özbegistanly Ilgiz Tantaşew eminlik etdi. 58 müň 984 janköýeriň tomaşa eden duşuşygynda esasy wagtda hasap açylmady. Oýnuň 68-nji minutynda arap toparyndan Zakaria Hawsawi gyzyl kart aldy. “Al-Ahli” topary muňa garamazdan, derwezesini goldan goramagy başardy. 90+5-nji minutda ýene bir arap futbolçysy, has takygy, Mohammed Abdulrahman gyzyl kart aldy we “Al-Ahli” topary meýdançada 9 futbolçy bolup galdy. Goşmaça 30 minut berlip, 96-njy minutda oýna soň goşulan Firas Al-Buraikan geçirdi. Galan minutlarda-da 9 oýunçy bolup goranan we garşylyklaýyn hüjümler bilen oýnamaga çalşan “Al-Ahli” toparynyň derwezesini sarsdyrmak ýapon klubunyň futbolçylaryna başartmady.
Netijede, 1-0 hasabynda ýeňiş gazanan “Al-Ahli” topary bassyr 2-nji gezek AFK-nyň iň uly klub ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Germaniýaly Mattias Jaissleniň tälimçiligindäki “Al-Ahli” topary geçen ýyl başga bir ýapon kluby “Kawasaki Frontaly” ýeňipdi. “Al-Ahli” topary ýarym finalda hem Ýaponiýanyň “Wissel Kobe” toparyny ýeňipdi. “Maiçda Zelwia” 1/8 finalda Saud Arabystanynyň “Al-Ittihad”, ýarym finalda bolsa “Şabab Al Ahli” toparyndan üstün çykdy.
“Al-Ahli” topary Tailandyň “Tai Farmers Bank” (1994, 1995), Koreýa Respublikasynyň “Phohan Stilers” (1997, 1998) we “Suwon Samsung Bluwings” (2001, 2002) hem-de Saud Arabystanynyň “Al-Ittihad” (2004, 2005) toparlaryndan soň yzly-yzyna çempionlyk gazanan 5-nji klub hökmünde hasaba alyndy. Bu ýeňiş Saud Arabystanynyň toparlarynyň şu ýaryşdaky 8-nji çempionlygy bolup, olar şu görkeziji boýunça ýaponlar bilen deňleşdiler. AFK Çempionlar Ligasy Elite ýaryşynda koreý klublary 12 kubok bilen 1-nji orunda barýarlar.
“Maçida Zelwia” topary-da finala çykyp, 3-nji ýapon, umumylykda 20-nji klub boldy. Bu ýaryşda şu wagta çenli 45 klub finala çykyp, şolaryň 25-si azyndan 1 gezek çempionlyk gazansa, 20-sine bu dereje ýetmek başartmady. Şol 20 klubuň 3-si (“Ýokohoma F. Marinos”, “FK Seoul”, “Persepolis”) 2 gezek finalda ýeňlişe sezewar boldy
PDF









