«Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti edara-kärhanalar, syýahatçylyk kärhanalary we raýatlarymyz üçin dynç alyş ýerlerine gezelençleri guramak, ýurdumyzda ýerleşýän taryhy ýa-da medeni ähmiýeti bolan mukaddes ýerlere, aramgählere, zyýaratlara gidip gelmek maksady bilen awtobus hyzmatlaryny hödürleýär.
Bu ugurda tejribeli sürüjiler rahat, döwrebap awtoulaglarda sargyt esasynda awtoulag hyzmatlaryny ýerine ýetirer.
Biziň salgymyz: Aşgabat şäheriniň Çoganly ýaşaýyş toplumy, Atamyrat Nyýazow şaýolynyň 422-nji jaýy salgysyndaky Halkara awtomenziliniň 1-nji gaty.
Habarlaşmak üçin: +99361-49-34-95; 44-35-20 belgilere jaň edip bilersiňiz.
Ähli ulaglarymyz doly tehniki abatlyk ýagdaýyndadyr hem-de ýolagçylaryň howpsuzlygyny we oňaýlylygyny üpjün edýän döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. «Awtomobil ulag hyzmaty» ýolagçylara ynamly we amatly gatnawlary kepillendirýär.
PDF









