Dünýäniň iň owadan muzeýleri yglan edildi

6

“Prix Versailles” dünýä arhitektura baýragynyň eminler topary 2026-njy ýyl üçin dünýäniň iň owadan ýedi muzeýiniň sanawyny mälim etdi. Bu abraýly sanawa Birleşen Arap Emirlikleri, Hytaý, Ýaponiýa, Litwa, ABŞ we Özbegistan ýaly ýurtlaryň täze binagärlik desgalary girizildi. Baýragyň Baş sekretary Žerom Guadenyň bellemegine görä, bu muzeýler diňe bir özboluşly arhitektura çözgütleri bilen däl, eýsem içki giňişliginiň täsirli we manyly dizaýny bilen hem tapawutlanýarlar.
Sanawyň başyny Birleşen Arap Emirliklerindäki Şeýh Zaýed adyndaky Milli muzeý çekýär. Britaniýaly binagär Norman Fosteriň taslamasy boýunça gurlan bu desganyň laçyn ganatlaryny ýatladýan 123 metr beýiklikdäki bäş sany polat diňi tebigy howa çalşygyny üpjün edýär. Hytaýyň Şençžen şäherinde ýerleşýän we Zaha Hadidiň binagärlik edarasy tarapyndan taslanan Ylym we tehnologiýalar muzeýi hem özüniň “kosmos gämisini” ýatladýan keşbi hem-de ýerli subtropiki howa şertlerine uýgunlaşan innowasion gurluşy bilen bu sanawa mynasyp görüldi. Şeýle-de Hytaýyň “Sýueleý” atly ysly serişdeler muzeýi silindr şekilli binasy arkaly parfumeriýanyň döreýiş tapgyrlaryny janlandyrýar.
Sanawda Ýaponiýanyň Tokio şäherindäki meşhur binagär Kengo Kumanyň taslamasy bolan, sungaty we tehnologiýany utgaşdyrýan “MoN Takanawa” muzeýi hem-de ABŞ-nyň Tehas şäherindäki Rafael Winýoli tarapyndan döredilen, beýiklikde asylyp duran sergi zaly bolan Milli Hormat medaly muzeýi aýratyn orun eýeleýär. Ýewropadan bolsa bu sanawa ýeke-täke desga hökmünde Litwadaky taryhy obalaryň ýadygärligine bagyşlanan “Ýitirilen ştetl” (Lost Shtetl) muzeýi girizildi. Merkezi Aziýa sebitinden Özbegistanyň Daşkent şäherindäki Yslam siwilizasiýasy merkezi sanawy jemleýär. Teýmiriler döwrüniň binagärlik däplerini özünde jemleýän, 65 metrlik gümmezli bu görkana bina häzirki wagtda halkara ylmy we medeni gepleşikleriň möhüm merkezine öwrüldi.