40 ýyl garaşdyran çempionlyk

6

Daniýanyň çempionaty “Superligada” çempion möwsümiň tamamlanmagyna 1 tapgyr galanda belli boldy. “Brondbýu” toparyny Dalsgoryň 3-nji hem-de Kewin Ýakobyň 26-njy minutda geçiren gollary bilen 2-0 hasabynda ýeňen “Orhus” topary, gysgaça ady AGF topary çempionlygyny yglan etdi. “Midtýullanndan” 4 öňe saýlanan “Orhus” 40 ýyldan soň 6-njy çempionlygyny gazandy. Soňky gezek 1986-njy ýylda ýeňiji bolan “Orhus” çempionatyň ady “Superliga” diýip üýtgedilmeginden soň ilkinji gezek altyn medaly eýeledi. “Orhus” topary mundan öň 1955-nji, 1956-njy, 1957-nji, 1960-njy hem-de 1986-njy ýyllarda çempionlyk gazanypdy. Ýurduň iň uly 2-nji şäheriniň adybir topary 6 gezek çempionlyk gazanan 8-nji topar hökmünde hasaba alyndy.