Hytaýyň elektroulag öndürijisi BYD kompaniýasy Ýewropadaky ulanylman duran önümçilik kuwwatlyklaryny satyn almak boýunça “Stellantis” we beýleki birnäçe iri awtomobil toparlary bilen gepleşikleri geçirýär. Kompaniýanyň wise-prezidenti Stella Li Londonda beren interwýusynda Hytaý brendiniň sebitdäki artykmaç önümçilik mümkinçiliklerinden peýdalanmak isleýändigini tassyklady. Maýa goýumlary üçin amatly meýdançalaryň hatarynda Italiýa, Fransiýa we Germaniýa ýaly ýurtlar öňe saýlanýar.
Häzirki wagtda Italiýanyň Turin we Kassino şäherlerindäki awtozawodlaryň pes kuwwatlylykda işlemegi sebäpli, bu desgalar BYD-niň esasy üns merkezinde durýar. Şeýle-de, hytaý maýadarlarynyň maliýe kynçylyklaryny başdan geçirýän “Maserati” brendini satyn almak ýa-da göni dolandyrmak ähtimallygy hem ara alnyp maslahatlaşylýar. Emma bu taslamalar ýerli hünär birleşmeleriniň närazylyklaryna duçar bolýar. Ýewropanyň awtomobil bazaryndaky häzirki ýagdaýlardan ugur alyp, BYD kompaniýasy bilelikdäki kärhanalary döretmekden däl-de, eýsem, zawodlary doly satyn almak we göni dolandyrmak strategiýasyna artykmaçlyk berýär.
Bu ýagdaý dünýäniň iň iri elektroulag öndürijisiniň Ýewropa bazaryndaky ornuny has-da berkitmäge gönükdirilen möhüm ädimi hökmünde häsiýetlendirilýär.
PDF









