Donald Tramp Si Szinpini Ak Tama çagyrdy

3

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp Hytaý Halk Respublikasyna saparynda ýurduň Başlygy Si Szinpini Ak Tama çagyrdy. ABŞ-nyň Prezidenti Waşingtonda geçiriljek indiki sammitiň anyk senesini hem belläp, duşuşygyň 24-nji sentýabrda boljakdygyny aýtdy. Donald Tramp Hytaý döwletiniň Baştutanyna sapar wagtynda Hytaýyň birinji hanymy Pen Liyuany hem ýany bilen alyp gelmegi haýyş etdi.

«Halk maslahatlary köşgünde geçirilen dabaraly zyýapatda çykyş edip, Tramp: “Hormatly Başlyk Si Szinpin, bu ajaýyp kabul edişlik üçin Size ýene bir gezek minnetdarlyk bildirýärin. Şu agşamlykda Sizi we hanym Peni 24-nji sentýabrda Ak Tamda bize myhman bolmaga çagyrmak meniň üçin uly mertebedir. Biz bu duşuşyga sabyrsyzlyk bilen garaşýarys” diýip belledi.