Tokio menziliniň golaýynda Ýaponiýanyň binagärlik taryhynda iň belent bina boljak «Torch Tower» diňiniň gurluşygy batly depginler bilen alnyp barylýar. 2028-nji ýylda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän bu desganyň beýikligi 385 metre ýetip, ol içerki meýdanynyň gerimi boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýelär. Gurluşyk işleriniň, takmynan, 20 göterimi tamamlanan bu äpet desga 62 gatdan we 4 sany ýerasty gatdan ybarat bolup, häzirki wagtda ýurduň rekordçysy bolan «Azabudai Hills» toplumyndan hem belent bolar.
Köpugurly toplumyň düzüminde giň edara binalary, 100-den gowrak söwda nokady, 2000 adamlyk döwrebap zal, şeýle hem Britaniýanyň «Dorchester Collection» brendiniň Aziýadaky ilkinji kaşaň myhmanhanasy ýerleşer. Binanyň seýsmik durnuklylygy ýörite diagonal karkas arkaly üpjün edilip, her bir gatyň ölçegi futbol meýdançasyndan hem uly giňişligi öz içine alýar. 300 metr belentlikde «Sky Hill» atly ýarym ýapyk bag-terrassasynyň, iň ýokary nokadynda bolsa Fudzi dagyna panoramik görnüş açylýan tomaşa meýdançasynyň döredilmegi taslamanyň esasy aýratynlyklarydyr.
Bu toplum Ýaponiýanyň geljegini yşyklandyrýan «fakel» görnüşinde taslanyp, ol paýtagty beýleki sebitler bilen baglanyşdyrýan möhüm medeni we işewürlik merkezi bolar. Gurluşygyň iň gyzgalaňly pursatlarynda her gün 7 müňe golaý hünärmeniň zähmet çekjek bu taslamasy ýurduň innowasion taýdan ösüşini görkezýän nobatdaky subutnama bolar.
PDF









