Nauru döwleti resmi adyny üýtgetmegi meýilleşdirýär

4

Ýerüsti meýdany boýunça dünýäniň üçünji iň kiçi ýurdy bolan Nauru döwleti öz resmi adyny taryhy “Naoero” diýip, üýtgetmek baradaky başlangyç bilen çykyş etdi. Ýurduň Prezidenti Dewid Adeang bu özgertmäniň halkyň milli we medeni gymmatlyklaryny, dil aýratynlyklaryny we taryhy mirasyny dikeltmek maksadyny öz içine alýandygyny mälim etdi. Döwlet Baştutanynyň bellemegine görä, häzirki “Nauru” ady kolonializm döwründe daşary ýurtlylaryň ýurduň asyl adyny dogry aýdyp bilmezlikleri sebäpli ýüze çykypdyr.

Dünýäde resmi paýtagty bolmadyk ýeke-täk ýurt hasaplanýan Nauru, 1968-nji ýylda özbaşdaklygyny alýança Beýik Britaniýanyň we Awstraliýanyň garamagynda bolupdyr. Häzirki wagtda, takmynan, 10 müň ilaty bolan bu ada döwleti diňe bir özüniň geografik aýratynlyklary bilen däl, eýsem, dünýäde artykmaç agramlylyk derejesi boýunça hem öňdäki orunlary eýeleýär. Bütindünýä semizlik federasiýasynyň berýän maglumatlaryna görä, ýurduň ilatynyň 70 göteriminden gowragy bu ýagdaýdan ejir çekýär.