Ulag ul­ga­my – dur­nuk­ly ösü­şiň bin­ýa­dy

3

13-14-nji maýda paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisi geçirildi. Bu forum ykdysady gatnaşyklaryň binýadyny pugtalandyrmak bilen bir hatarda, GDA ýurtlarynyň demir ýol edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmegiň ýolunda möhüm ädimdir.

«Ýyl­dyz» myh­man­ha­na­sy­nyň mej­lis­ler za­lyn­da gu­ra­lan Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­na ag­za ýurt­la­ryň de­mir ýol ula­gy bo­ýun­ça Ge­ňe­şi­niň 84-nji hal­ka­ra mej­li­si­niň açy­lyş da­ba­ra­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň mej­li­se gat­na­şy­jy­la­ra ibe­ren Gut­la­gy okal­dy. «2025-nji ýy­lyň 23-nji sent­ýab­ryn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 80-nji ses­si­ýa­sy­nyň ple­nar mej­li­sin­de hö­dür­le­nen 2026 – 2035-nji ýyl­lar üçin «BMG-niň Dur­nuk­ly ulag bo­ýun­ça on­ýyl­ly­gy» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň tas­la­ma­sy şol ýy­lyň ahy­ryn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan tas­syk­la­nyl­dy. Mu­nuň özi ulag ge­çel­ge­le­ri­ni ös­dür­mek, dur­nuk­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak we äh­li ýurt­lar üçin ola­ryň el­ýe­ter­li­li­gi­ni üp­jün et­mek bi­len, hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­giň ta­gal­la­la­ry­ny bir­leş­dir­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar» di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gut­la­gyn­da bel­le­ýär.
Mej­li­siň do­wa­myn­da de­mir ýol ula­gy eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­dyr we­kil­le­ri çy­kyş edip, GDA ag­za ýurt­la­ryň de­mir ýol ula­gy bo­ýun­ça Ge­ňe­şi­niň no­bat­da­ky mej­li­si­niň döw­le­ta­ra de­re­je­de de­mir ýol ula­gy­nyň işi­ni ut­gaş­dyr­mak, hal­ka­ra de­mir ýol­lar to­ru­nyň teh­no­lo­gik bi­te­wü­li­gi­ni üp­jün et­mek, bu dü­züm­le­ri hä­zir­ki za­man şert­le­rin­de ös­dür­mek ýa­ly we­zi­pe­le­riň oňyn çöz­gü­di­ni esa­sy ugur edin­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy­lar. Türk­me­nis­tan 1992-nji ýyl­dan bä­ri bu gu­ra­ma­nyň iş­jeň ag­za­sy bol­mak bi­len, se­bit­de yla­la­şyk­ly ulag sy­ýa­sa­ty­nyň ke­ma­la gel­me­gi­ne uly go­şant go­şup gel­ýär. Bu bol­sa se­bi­tiň çäk­le­rin­de de­mir ýol ula­gy dü­züm­le­ri­niň saz­la­şyk­ly ös­dü­ril­me­gi­ni, ut­ga­şyk­ly ulag sy­ýa­sa­ty­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär. Mu­nuň özi GDA-nyň çäk­le­rin­de hal­ka­ra üs­ta­şyr ýük­le­riň da­şal­ma­gy­nyň ugur­la­ry­nyň art­ma­gy­ny şert­len­dir­ýär.
Mej­lis­de GDA ag­za ýurt­la­ryň de­mir ýol ula­gy bo­ýun­ça Ge­ňe­şi­niň ge­çen dö­wür­de ýe­ri­ne ýe­ti­ren iş­le­ri­niň jem­le­ri­ne ga­ral­dy we öza­ra gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň gel­jek­ki ugur­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Şun­da ge­ňe­şiň iş me­ýil­na­ma­syn­dan ge­lip çyk­ýan we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek ba­bat­da gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän pi­kir alyş­ma­lar bol­dy. Çy­kyş eden­ler se­bit­de üs­ta­şyr ýük da­şa­ma­la­ryň möç­be­ri­ni art­dyr­mak­da Türk­me­nis­ta­nyň iş­jeň or­ny eýe­le­ýän­di­gi­ni bel­le­mek bi­len, ulag dü­züm­le­ri­ni düýp­li döw­re­bap­laş­dyr­mak we ös­dür­mek bi­len, ne­ti­je­li hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy çuň­laş­dyr­mak ar­ka­ly bu ugur­da ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­ýän­di­gi­ne ün­si çek­di­ler. Döw­let­le­riň, se­bit­le­riň we yk­lym­la­ryň ara­syn­da dost­luk, hyz­mat­daş­lyk köp­rü­le­ri­ni gur­ýan Türk­me­nis­ta­nyň pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýa­sa­tyn­da ulag dip­lo­ma­ti­ýa­sy­na aý­ra­tyn or­nuň de­giş­li­di­gi­ni aý­dyp, çy­kyş eden­ler GDA ag­za ýurt­la­ryň we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ril­ýän mej­lis­de hut şu ugur­lar bo­ýun­ça öza­ra pi­kir al­şyl­ma­gy­nyň äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di­ler.
2023-nji ýy­lyň ma­ýyn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 77-nji ses­si­ýa­sy­nyň 70-nji ple­nar mej­li­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da, Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za döw­let­le­riň bi­ra­gyz­dan gol­da­ma­gyn­da 26-njy no­ýab­ry «Bü­tin­dün­ýä dur­nuk­ly ulag gü­ni» di­ýip yg­lan et­mek ha­kyn­da Ka­rar­na­ma ka­bul edil­di. Şeý­le-de mej­lis­de çy­kyş eden­ler 2016-njy ýyl­da Aş­ga­bat­da BMG-niň Dur­nuk­ly ulag ul­ga­my bo­ýun­ça bi­rin­ji äh­lu­mu­my mas­la­ha­ty­nyň ge­çi­ri­len­di­gi­ni aý­dyp, Türk­me­nis­ta­nyň ulag ul­ga­myn­da öňe sür­ýän baş­lan­gyç­la­ry­nyň Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan yk­rar edil­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy­lar. Mu­nuň özi Türk­me­nis­ta­nyň äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy, dur­nuk­ly ösü­şi esa­sy ugur edin­ýän da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň giň gol­da­wa eýe bol­ýan­dy­gy­nyň be­ýa­ny­dyr.
Hä­zir­ki dö­wür­de yk­ly­myň mö­hüm çat­ry­gyn­da ýer­leş­ýän ýur­du­myz mil­li ulag ul­ga­my­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny yzy­gi­der­li döw­re­bap­laş­dyr­ýar. Bu bol­sa Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra üs­ta­şyr müm­kin­çi­lik­le­ri­niň art­ma­gy­na giň ýol aç­ýar. Şun­da ýur­du­my­zyň çä­gin­den hal­ka­ra äh­mi­ýet­li aw­to­mo­bil we de­mir ýol­la­ryň geç­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Ga­za­gys­tan – Türk­me­nis­tan – Eý­ran, Ker­ki – Ymam­na­zar – Aki­na hal­ka­ra de­mir ýol­la­ry­ny, Amy­der­ýa­nyň üs­tün­den geç­ýän Türk­me­na­bat – Fa­rap de­mir ýol köp­rü­si­ni mu­ňa my­sal hök­mün­de gör­kez­mek bo­lar. Olar hal­ka­ra ulag ýol­la­ry­ny bir­leş­dir­ýän esa­sy ulag ge­çel­ge­le­ri bo­lup hyz­mat edip, ýur­du­my­zyň üs­ta­şyr müm­kin­çi­lik­le­rin­den peý­da­lan­ma­ga gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän ýurt­la­ryň sa­ny­nyň yzy­gi­der­li art­ma­gy­ny şert­len­dir­ýär.
GDA ag­za ýurt­la­ryň de­mir ýol ula­gy bo­ýun­ça Ge­ňe­şi­niň 84-nji hal­ka­ra mej­li­si­niň çäk­le­rin­de ikin­ji «Ýaş de­mir­ýol­çu­lar» fo­ru­my ge­çi­ril­di. On­da bu ug­ry saz­la­şyk­ly ös­dür­me­giň stra­te­gi­ýa­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­mak, de­mir ýol ulag­la­ry eda­ra­la­ry üçin ýo­ka­ry hü­när­li iş­gär­le­ri ýe­tiş­dir­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler wa­jyp we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da kes­git­le­nil­di. De­mir ýol­la­ry ulan­mak ar­ka­ly üs­ta­şyr ulag ge­çel­ge­le­ri­ni ös­dür­me­giň gel­je­gi, se­bit­de ýük da­şa­ma­la­ry art­dyr­mak ba­ra­da pi­kir alyş­ma­lar bol­dy.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de dur­nuk­ly ulag ul­ga­my­ny ös­dür­mek­de öň­de­ba­ry­jy or­ny eýe­le­ýär. Döw­let­le­riň ara­syn­da ulag ara­gat­na­şy­gy­ny iler­let­mek­de ýur­du­my­zyň ta­gal­la­la­ry­ny, bu ugur­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­ri we baş­lan­gyç­la­ry aý­ra­tyn bel­le­me­li. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, BMG-niň Baş As­samble­ýa­sy­nyň 2026 – 2035-nji ýyl­la­ry Dur­nuk­ly ula­gyň on­ýyl­ly­gy di­ýip yg­lan et­mek ha­kyn­da ka­bul eden Ka­rar­na­ma­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne go­şant goş­mak mö­hüm­dir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sü­ren, hä­zir­ki wagt­da hormatly Prezidentimiz ta­ra­pyn­dan üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan ýur­du­my­zyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­nyň Mil­let­ler
Bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan yk­rar edil­me­gi Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zyň dün­ýä gi­ňiş­li­gin­dä­ki ab­ra­ýy­nyň be­len­de gal­ma­gy­ny şert­len­dir­ýär.
Ýur­du­my­zyň soň­ky ýyl­lar­da çalt dep­gin­de ös­ýän de­mir ýol ul­ga­my tä­ze tap­gy­ra ga­dam bas­dy. Bu bol­sa Di­ýa­ry­myz­da ulag-ara­gat­na­şyk ul­ga­my­na de­giş­li iri tas­la­ma­la­ryň yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň ne­ti­je­si­dir. Mu­nuň özi se­bi­tiň çäk­le­rin­de De­mir­ga­zyk – Gü­nor­ta we Gün­do­gar – Gün­ba­tar ulag ge­çel­ge­le­ri bo­ýun­ça ýük da­şa­ma­la­ry art­dyr­mak, ýur­du­my­zyň üs­ta­şyr müm­kin­çi­lik­le­ri­niň äh­lu­mu­my de­re­je­de peý­da­la­nyl­ma­gy­ny üp­jün et­mek ug­run­da baş­lan­gyç­la­ryň iş ýü­zün­de ama­la aşy­ryl­ma­gy­na giň ýol açar. Ýur­du­myz­da de­mir ýol ula­gy bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra fo­rum­lar bu ugur­da ýo­la goý­lan gat­na­şyk­la­ryň hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­ka­ryl­ma­gyn­da uly äh­mi­ýe­te eýe­dir.