Ukynyň kadaly bolmagy saglygy goraýşyň möhüm şertidir

2

Sagdyn garrylygy üpjün etmekde uky düzgüniniň kadaly saklanmagynyň möhüm ähmiýete eýedigi ylmy taýdan subut edildi. Halkara alymlar toparynyň Beýik Britaniýanyň «UK Biobank» taslamasynyň çäginde ýarym milliona golaý meýletinçiniň gatnaşmagynda geçiren giň gerimli barlaglaryna görä, gije-gündiziň dowamynda alty sagatdan az ýa-da sekiz sagatdan köp ýatmak adamyň beýnisiniň, ýüreginiň, öýkeniniň we immun ulgamynyň biologik taýdan has çalt garramagyna sebäp bolýar. Bu bolsa öz gezeginde dürli dowamly keselleriň ýüze çykmak ähtimallygyny ýokarlandyrýar.
Barlaglaryň gidişinde kompýuter tehnologiýalarynyň we emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen adamyň hakyky ýaşy we biologik ýaşy deňeşdirildi. Ukynyň ýetmezçiligi nerw ulgamynyň durnuksyzlygyna, şol sanda göwnüçökgünlige hem-de madda çalşygynyň bozulmagyna, süýji keseline, ýürek-damar bozulmalaryna alyp barýar. Şunuň bilen birlikde, aşa köp ýatmagyň hem organizmde gizlin keselleriň bardygyndan habar berýändigi anyklandy. Alymlar sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmek üçin kadaly uky möçberini gorap saklamagyň möhümdigini nygtaýarlar.