London şäheri dünýäniň maliýe we söwda merkezleriniň biridir. Häzirki wagtda türkmen telekeçileri we döwlet kärhanalary uly mümkinçilikleriň bosagasynda dur. Soňky aýlarda türkmen-britan ykdysady gatnaşyklarynyň işjeňleşmegi, aýratyn-da 2026-njy ýylyň maý aýynda Londonda meýilleşdirilen täze işewürlik forumlary hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna badalga berýär.
2026-njy ýylyň maý aýynyň 9-16-sy aralygynda türkmen telekeçilerinden ybarat bolan wekiliýetiň Beýik Britaniýanyň paýtagty London şäherine sapary meýilleşdirildi. Günbatar London Söwda edarasynyň çakylygy boýunça amala aşyrylýan bu sapar diňe bir tejribe alyşmak däl, eýsem, türkmen önümleriniň Ýewropa bazarlaryna çykmagy we iň döwrebap tehnologiýalaryň ýurdumyza getirilmegi üçin möhüm ädimdir.
Londona saparynyň dowamynda türkmen tarapy köp sanly işewürlik duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklarda söwda-ykdysady, ylym-bilim ulgamyndaky gatnaşyklara aýratyn orun berildi. Şu ýylyň fewral aýynda Londonda geçirilen «Merkezi Aziýa – Beýik Britaniýa» formatyndaky duşuşyklarda Türkmenistanyň wekiliýeti London gazna biržasynda (LSE) bazaryň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu bolsa geljekde ýurdumyzyň döwlet we hususy kärhanalarynyň halkara maýa goýumlaryny çekmek üçin britan gazna bazaryndan peýdalanyp biljekdiginiň subutnamasydyr.
Londonda geçirilen halkara energetika forumlarynda Türkmenistan özüniň iri taslamalaryny tanyşdyrdy. Britan maýadarlary üçin aşakdaky taslamalar aýratyn gyzyklanma döredýär. «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmegi babatda hyzmatdaşlyk üçin oňat mümkinçilikler bar. Sebäbi Beýik Britaniýanyň meşhur «GaffneyCline» kompaniýasynyň garaşsyz baha bermegine görä, bu gaz käniniň gorlary boýunça çykarylan görkezijiler ýurdumyzyň dünýäde gaz senagatyndaky ornuny has-da berkitdi. Şeýle hem britan kompaniýalary bilen uglerod zyňyndylaryny azaltmak we ekologiýa taýdan arassa energiýa geçmek baradaky täze başlangyçlar boýunça hyzmatdaşlyk etmäge giň mümkinçilikler bar.
Şu ýylyň mart aýynda Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Aşgabatda Birleşen Patyşalygyň maliýe we degişli hünär hyzmatlary pudagyna wekilçilik edýän «TheCityUK» guramasy bilen hyzmatdaşlykda guran howanyň üýtgemegi boýunça ilkinji türkmen-britan forumy hem «ýaşyl» ykdysadyýetde maýa goýum mümkinçiliklerinde täze ugry açdy. Türkmenistanyň ministrlikleriniň, döwlet we täjirçilik banklarynyň, halkara guramalaryň, köptaraplaýyn ösüş banklarynyň we hususy pudagyň ýokary derejeli wekillerini bir ýere jemlän forumda howanyň üýtgemegine garşy maliýeleşdirmegiň ugurlary, bu ugurda ýurdumyzda durnukly ykdysady ösüşi we maýa goýumlaryny goldamak boýunça möhüm gepleşikler geçirildi.
Saparyň çäginde meýilleşdirilen duşuşyklar türkmen telekeçilerine Britaniýanyň 2300-den gowrak kompaniýasyny birleşdirýän Günbatar London Söwda edarasynyň agzalary bilen göni gepleşikleri geçirmäge mümkinçilik berdi. Bu bolsa işewürlik gatnaşyklaryň has çalt we netijeli gurulmagyna kömek eder.
Türkmen işewürleriniň Londona sapary we Beýik Britaniýa bilen barha berkeýän gatnaşyklar ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa etmek we halkara derejesinde bäsleşige ukyplylygyny artdyrmak ugrunda möhüm menzildir. London diňe bir maýa goýum merkezi däl, eýsem, türkmen telekeçiligi üçin dünýä açylýan täze sahypadyr.
Aýgül ESENOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
PDF









