Türkmen-britan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürilýär

1

Lon­don şä­he­ri dün­ýä­niň ma­li­ýe we söw­da mer­kezleriniň biridir. Hä­zir­ki wagt­da türk­men te­le­ke­çi­le­ri we döw­let kär­ha­na­la­ry uly müm­kin­çi­lik­le­riň bo­sa­ga­syn­da dur. Soň­ky aý­lar­da türk­men-bri­tan yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry­nyň iş­jeň­leş­me­gi, aý­ra­tyn-da 2026-njy ýy­lyň maý aýyn­da Lon­don­da me­ýil­leş­di­ri­len tä­ze işe­wür­lik fo­rum­la­ry hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze tap­gy­ry­na ba­dal­ga ber­ýär.
2026-njy ýy­lyň maý aýy­nyň 9-16-sy ara­ly­gyn­da türk­men te­le­ke­çi­le­rin­den yba­rat bo­lan we­ki­li­ýe­tiň Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň paý­tag­ty Lon­don şä­he­ri­ne sa­pa­ry me­ýil­leş­di­ril­di. Gün­ba­tar Lon­don Söw­da eda­ra­sy­nyň ça­ky­ly­gy bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan bu sa­par di­ňe bir tej­ri­be alyş­mak däl, eý­sem, türk­men önüm­le­ri­niň Ýew­ro­pa ba­zar­la­ry­na çyk­ma­gy we iň döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ýur­du­my­za ge­ti­ril­me­gi üçin mö­hüm ädim­dir.
Lon­do­na sa­pa­ry­nyň do­wa­myn­da türk­men ta­ra­py köp san­ly işe­wür­lik du­şu­şyk­la­ry ge­çir­di. Du­şu­şyk­lar­da söw­da-yk­dy­sa­dy, ylym-bi­lim ul­ga­myn­da­ky gat­na­şyk­la­ra aý­ra­tyn orun be­ril­di. Şu ýy­lyň few­ral aýyn­da Lon­don­da ge­çi­ri­len «Mer­ke­zi Azi­ýa – Be­ýik Bri­ta­ni­ýa» for­ma­tyn­da­ky du­şu­şyk­lar­da Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti Lon­don gaz­na bir­ža­syn­da (LSE) ba­za­ryň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy. Bu bol­sa gel­jek­de ýur­du­my­zyň döw­let we hu­su­sy kär­ha­na­la­ry­nyň hal­ka­ra ma­ýa go­ýum­la­ry­ny çek­mek üçin bri­tan gaz­na ba­za­ryn­dan peý­da­la­nyp bil­jek­di­gi­niň su­but­na­ma­sy­dyr.
Lon­don­da ge­çi­ri­len hal­ka­ra ener­ge­ti­ka fo­rum­la­ryn­da Türk­me­nis­tan özü­niň iri tas­la­ma­la­ry­ny ta­nyş­dyr­dy. Bri­tan ma­ýa­dar­la­ry üçin aşak­da­ky tas­la­ma­lar aý­ra­tyn gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. «Gal­ky­nyş» gaz kä­ni­niň öz­leş­di­ril­me­gi ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk üçin oňat müm­kin­çi­lik­ler bar. Se­bä­bi Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň meş­hur «Gaff­neyCli­ne» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ga­raş­syz ba­ha ber­me­gi­ne gö­rä, bu gaz kä­ni­niň gor­la­ry bo­ýun­ça çy­ka­ry­lan gör­ke­zi­ji­ler ýur­du­my­zyň dün­ýä­de gaz se­na­ga­tyn­da­ky or­nu­ny has-da ber­kit­di. Şeý­le hem bri­tan kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len ug­le­rod zy­ňyn­dy­la­ry­ny azalt­mak we eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa ener­gi­ýa geç­mek ba­ra­da­ky tä­ze baş­lan­gyç­lar bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­ler bar.
Şu ýy­lyň mart aýyn­da Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky il­çi­ha­na­sy­nyň Aş­ga­bat­da Bir­le­şen Pa­ty­şa­ly­gyň ma­li­ýe we de­giş­li hü­när hyz­mat­la­ry pu­da­gy­na we­kil­çi­lik ed­ýän «TheCityUK» gu­ra­ma­sy bi­len hyz­mat­daş­lyk­da gu­ran ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bo­ýun­ça il­kin­ji türk­men-bri­tan fo­ru­my hem «ýa­şyl» yk­dy­sa­dy­ýet­de ma­ýa go­ýum müm­kin­çi­lik­le­rin­de tä­ze ug­ry aç­dy. Türk­me­nis­ta­nyň mi­nistr­lik­le­ri­niň, döw­let we tä­jir­çi­lik bank­la­ry­nyň, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, köp­ta­rap­la­ýyn ösüş bank­la­ry­nyň we hu­su­sy pu­da­gyň ýo­ka­ry de­re­je­li we­kil­le­ri­ni bir ýe­re jem­län fo­rum­da ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne gar­şy ma­li­ýe­leş­dir­me­giň ugur­la­ry, bu ugur­da ýur­du­myz­da dur­nuk­ly yk­dy­sa­dy ösü­şi we ma­ýa go­ýum­la­ry­ny gol­da­mak bo­ýun­ça mö­hüm gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di.
Sa­pa­ryň çä­gin­de me­ýil­leş­di­ri­len du­şu­şyk­lar türk­men te­le­ke­çi­le­ri­ne Bri­ta­ni­ýa­nyň 2300-den gow­rak kom­pa­ni­ýa­sy­ny bir­leş­dir­ýän Gün­ba­tar Lon­don Söw­da eda­ra­sy­nyň ag­za­la­ry bi­len gö­ni gep­le­şik­le­ri ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­di. Bu bol­sa işe­wür­lik gat­na­şyk­la­ryň has çalt we ne­ti­je­li gu­rul­ma­gy­na kö­mek eder.
Türk­men işe­wür­le­ri­niň Lon­do­na sa­pa­ry we Be­ýik Bri­ta­ni­ýa bi­len bar­ha ber­ke­ýän gat­na­şyk­lar ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni di­wer­si­fi­ka­si­ýa et­mek we hal­ka­ra de­re­je­sin­de bäs­le­şi­ge ukyp­ly­ly­gy­ny art­dyr­mak ug­run­da mö­hüm men­zil­dir. Lon­don di­ňe bir ma­ýa go­ýum mer­ke­zi däl, eý­sem, türk­men te­le­ke­çi­li­gi üçin dün­ýä açyl­ýan tä­ze sa­hy­pa­dyr.

Aýgül ESENOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.