Häzirki döwürde ylym we bilim jemgyýetiň ösüşiniň esasy hereketlendiriji güýji bolup durýar. Dünýä döwletleriniň ösüş derejesi olaryň bilim ulgamynyň hiline, ylmy barlaglarynyň netijeliligine we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak mümkinçiliklerine baglydyr. Şonuň üçin hem köp ýurtlarda ýaş nesliň döwrebap bilim almagyna, alymlaryň täze açyşlar etmegine uly üns berilýär.
Dünýä tejribesine seredilende, ösen döwletlerde bilim ulgamy innowasiýa bilen berk baglanyşyklydyr. Mysal üçin, Ýaponiýa, Germaniýa we Koreýa Respublikasy ýaly ýurtlarda mekdeplerde sanly tehnologiýalar giňden ulanylýar. Okuwçylar diňe bir nazary bilim almak bilen çäklenmän, eýsem, döredijilikli pikirlenmäge, ylmy taslamalary taýýarlamaga hem höweslendirilýär. Uniwersitetler bolsa senagat kärhanalary bilen hyzmatdaşlykda täze tehnologiýalary işläp düzýärler. Şeýle gatnaşyk ykdysady ösüşe hem uly täsir edýär. Şeýle hem Singapur ylym-bilim ulgamyny ösdürmek arkaly ykdysady taýdan güýçli döwlete öwrüldi. Bu ýurduň mekdeplerinde matematika, tehnologiýa we tebigy ylymlar çuňňur öwredilýär. Okuwçylar halkara bäsleşiklerde ýokary netijeleri görkezýärler. Şeýle üstünlikler bilim ulgamynyň hiliniň ýokarydygyny subut edýär. Soňky ýyllarda dünýäde sanly tehnologiýalaryň ösüşi bilim ulgamyna uly täsir etdi. Elektron okuw kitaplary, onlaýn sapaklar, emeli aň tehnologiýalary we sanly kitaphanalar bilim almagy has ýeňilleşdirdi. Pandemiýa döwründe köp ýurtlaryň uzak aralykdan bilim ulgamyna geçmegi hem sanly tehnologiýalaryň ähmiýetini görkezdi.
Şeýle hem dünýäde emeli aň, robototehnika, biotehnologiýa ýaly ugurlar aýratyn ösüş gazandy. Bu bolsa ýaşlaryň ýokary derejeli bilim almagyna zerurlyk döredýär. Köp ýurtlarda daşary ýurt dillerini öwrenmäge, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we sanly bilim platformalaryny giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Türkmenistanyň tejribesinde hem ylym-bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda täze mekdepler, çagalar baglary, ýokary okuw mekdepleri gurlup ulanmaga berilýär. Okuw otaglary häzirki zaman kompýuterleri, interaktiw tagtalar we internet ulgamy bilen üpjün edilýär. Ýaşlaryň daşary ýurt dillerini, aýratyn-da iňlis dilini öwrenmegine uly mümkinçilik döredilýär.
Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýokary okuw mekdeplerinde innowasion tehnologiýalary ulanmak, elektron kitaphanalary döretmek we uzak aralykdan okatmak mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça işler alnyp barylýar. Halkara olimpiadalarda türkmen ýaşlarynyň gazanýan üstünlikleri olaryň bilim derejesiniň ýokarlanýandygyny görkezýär.
Ýurdumyzda ylmy ösdürmek maksady bilen ýaş alymlara goldaw berilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy dürli ugurlar boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýar. Energetika, oba hojalygy, lukmançylyk we ekologiýa ýaly ugurlarda täze taslamalar durmuşa geçirilýär. Bu işler ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga we halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga hyzmat edýär.
Netijede, dünýä tejribesi hem, Türkmenistanyň tejribesi hem bir hakykaty tassyklaýar: ylym we bilim ösüşiň iň ygtybarly ýoludyr. Döwrebap bilim alan, täze tehnologiýalary özleşdirýän we ylma gyzyklanýan ýaşlar ýurduň geljeginiň berk binýadydyr. Şonuň üçin ylym-bilimi ösdürmek her bir döwletiň esasy wezipeleriniň biri bolup galýar.
Aýna Abaýewa,
Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymy.
PDF









