Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan dünýäde parahatçylyk söýüjiligiň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde ykrar edilýär. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy diňe bir syýasy ugrumyz bolman, umumadamzat bähbitlerine hyzmat edýän uly bir mekdepdir. Bu mekdebiň ylym we bilim esaslaryny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek baradaky taryhy başlangyç, bilim ulgamynda täze sahypany açýar.
Şu asylly başlangyjyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň düzüminde Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasynyň döredilmegi ýaş nesillere parahatçylyk medeniýetini we bitaraplyk syýasatynyň inçe tärlerini ylmy esasda öwretmekde möhüm ädimdir.
Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasy – bu diňe bir okuw bölümi bolman, eýsem, Türkmenistanyň halkara arenasyndaky abraýynyň, diplomatik ukyplarynyň we ynsanperwer ýörelgeleriniň täzeçil çemeleşmesidir. Bu kafedranyň döredilmegi bilen, Bitaraplyk ýörelgesiniň halkara hukugyndaky ornuny we onuň dünýä howpsuzlygyna ýetirýän täsirini düýpli öwrenmek, halkara gatnaşyklary, diplomatiýa we parahatçylyk gurujylyk babatda çuňňur düşünjeli, täzeçil pikirli ýaşlary kemala getirmek, özara hormat goýmak, gepleşikler medeniýeti we parahatçylykly ýaşaşmak baradaky düşünjeleri berkitmek babatda möhüm ähmiýete eýe bolar.
Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasy diňe ýurduň içindäki bilim bilen çäklenmän, halkara ylmy merkezleri we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy uniwersitetleri bilen göni gatnaşyklary ýola goýar. Bu bolsa türkmen alymlaryna we talyp ýaşlaryna öz garaýyşlaryny halkara derejesinde paýlaşmaga mümkinçilik berer.
Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek başlangyjynyň çäklerinde kafedranyň döredilmegi Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligine hödürleýän «Dialog – parahatçylygyň kepili» diýen ynsanperwer taglymatynyň amaly we ylmy beýanydyr. Gahryman
Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
saýlap alan parahatçylyk ýoly ylym we bilim bilen utgaşyp, geljekki nesiller üçin uly mekdepdir.
Türkmen Bitaraplygynyň esasy ýörelgesi we häsiýetli aýratynlygy halklaryň birligini, dostlugyny gazanmakdan, olaryň maksatlaryny birleşdirmekden, ýagny ýaşaýşyň we geljegiň hatyrasyna parahatçylygy, howpsuzlygy saklamagy, birek-biregi goldamagy, arkalaşmagy wagyz etmekden ybaratdyr. Çünki Türkmenistanyň saýlap alan Bitaraplyk ýoly – parahatçylygyň, ynanyşmagyň, jebisligiň ýoly. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary esasynda üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy halklaryň arasyndaky parahatçylyk syýasatynyň dabaralanmasydyr, işjeň we ynamly hyzmatdaşlygyň, ygtybarly gatnaşyklaryň guralydyr, dost-doganlygyň köprüsidir. Bitaraplyk derejesi Türkmenistana özüniň milli bähbitlerini goramak, daşary syýasatda garaşsyz çözgütleri kabul etmek, sebit we ählumumy derejede parahatçylygy hem-de howpsuzlygy berkitmek babatynda giň mümkinçilikleri berdi.
Hormatly Prezidentimiziň adamzadyň geljege uzaýan ygtybarly ýollaryny açýan, parahat ýaşaýşy üpjün etmäge gönükdirilen Bitaraplyk syýasatyny, halkymyzyň ýagşylyga, millilige we ynsanperwerlige ýugrulan ýörelgelerini dünýä ýaýýan asylly başlangyçlar gazanylan beýik üstünlikleriň, mertebeli menzilleriň aýdyň beýanydyr, Bitaraplygyň nusgalyk ýoluny dowam etdirjek türkmen nesilleri üçin gymmatly serpaýdyr.
Batyr NOWRUZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
PDF









