Deňze çykmak üçin kanal gurulýar

3

Hy­ta­ýyň içer­ki se­bit­le­ri­ni deň­ze bi­rik­dir­mek mak­sa­dy bi­len iri tas­la­ma dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Uzyn­ly­gy 134 ki­lo­metr bol­jak Ping­lu ka­na­ly gu­ry ýer ar­ka­ly gat­na­dyl­ýan ýü­ki suw ulag­la­ry ar­ka­ly da­şa­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. Ka­na­lyň ug­run­da ini 20 met­re, uzyn­ly­gy 240 met­re ýet­ýän geçelge guruldy. Bu ötük ýa­ba­ny jan­ly-jan­dar­la­ryň geç­me­gi üçin ni­ýet­le­nip­dir. Şol se­bäp­li onuň üs­tü­ne as­falt dü­şel­män, top­rak bi­len ör­tü­lip­dir. Bu ýer­de ýa­ba­ny pi­şik­ler, bel­ka­lar we beý­le­ki jan­dar­lar ýa­şa­ýar. Şol se­bäp­li köp­ri­niň üs­tü­ne agaç­lar we beý­le­ki ösüm­lik­ler hem eki­lip­dir.
Suw ge­çel­ge­si­niň şu ýy­lyň do­wa­myn­da açyl­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Ka­nal ýur­duň gü­nor­ta­syn­da­ky Gu­an­si-Çžuans aw­to­nom se­bi­ti­ni boý­dan-ba­şa ke­sip geç­ýär.
Ka­na­lyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi bi­len 5 müň ton­na çen­li bo­lan gä­mi­ler se­na­gat taý­dan ösen Nan­nin şä­he­rin­den Bak­bu aý­la­gy­na çen­li ba­ryp bi­ler. Mun­dan ozal gä­mi­ler bu ara­ly­gy eg­rem-bug­ram ýol­lar­dan geç­me­li bol­ýar­dy­lar. Tä­ze ka­nal bu ara­ly­gy 560 ki­lo­metr gys­gal­dar.
Ka­nal ýur­duň içer­ki se­bit­le­rin­de ön­dü­ri­len önüm­le­ri de­ňiz ar­ka­ly alys ýurt­la­ra, esa­san, ASEAN ýurt­la­ry­na ug­rat­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer.

Gurbanmyrat Rejepow,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.