Tehnologiýanyň çalt depginler bilen ösmegi bütin dünýäde kitap okamak medeniýetini we neşirýat ulgamyny düýpli özgerdýär. Häzirki wagtda adaty kagyz kitaplar bilen birlikde, elektron we sesli kitaplar dünýä bazarynda barha uly orna eýe bolýar. Halkara neşirýat assosiasiýalarynyň we statistika guramalarynyň iň soňky maglumatlary bu ugurdaky görkezijileriň täze rekord derejelere ýetendigini subut edýär. Halkara bilermenleriň hasabatlaryna görä, sesli kitaplar dünýäniň neşirýat pudagynda iň çalt depgin bilen ösýän we girdeji getirýän ugurdyr. Audiokitaplara bolan islegiň rekord derejede artmagynyň esasy sebäbi wagtdan utmak mümkinçiligidir. Häzirki zaman okyjysy fiziki taýdan kitap okamaga wagt tapmadyk ýagdaýynda, ýolda barýarka, sport bilen meşgullanýarka ýa-da gündelik öý işlerini ýerine ýetirýärkä kitap diňlemegi we wagtyny netijeli ulanmagy saýlap alýar. Şeýle hem häzirki döwürde neşirýatlar kitaplary diňe bir adaty ses bilen okatman, eýsem, professional aktýorlaryň we diktorlaryň gatnaşmagynda, ýörite ssenariler esasynda köp sesli audiodramalar görnüşinde taýýarlaýarlar. Mundan başga-da, dünýäniň iri platformalary tarapyndan okyjylara her bir kitaby aýratynlykda satyn almagyň deregine, aýlyk abuna esasynda müňlerçe sesli kitaba çäksiz elýeterliligiň hödürlenilmegi audiokitap diňleýjileriniň sanynyň has-da artmagyna itergi berýär.
Elektron kitaplar hem, eýýäm, birnäçe ýyl bäri dünýäniň edebiýat bazarynyň durnukly we aýrylmaz bölegi bolup galýar. Sanly neşirleriň amatlylygy ilkinji nobatda elýeterlilik we çaltlyk bilen düşündirilýär. Okyjy islendik täze çykan kitaby dünýäniň başga bir künjeginden getirtmän, sanlyja sekundyň içinde öz smartfonyna ýa-da ýörite sanly enjamyna ýükläp bilýär. Mundan başga-da, elektron kitaplaryň önümçiliginde kagyz sarp edilmeýändigi sebäpli, olar daşky gurşawy goramak we agaçlary tygşytlamak baradaky ählumumy ekologik maksatnamalara doly laýyk gelýär. Ýeňilligi we göwrümliligi taýdan uly artykmaçlygy bolan ýekeje sanly enjamyň içinde müňlerçe eseri – tutuş bir kitaphanany ýanyň bilen göterip bolýar. Bu bolsa syýahatçylar we talyp ýaşlar üçin aýratyn amatlylygy üpjün edýär.
Geçirilen jemgyýetçilik pikirini öwreniş barlaglary we neşirýat hasabatlary sanly kitaplary ulanýanlaryň agramly böleginiň ýaşlara hem-de işewür adamlara degişlidigini görkezýär. Sanly we sesli formatlaryň ösmegi köpden bäri kitap okamaýan adamlaryň hem edebiýata gaýtadan dolanmagyna oňyn itergi berdi. Şol bir wagtda bilermenler sanly formatyň ösmeginiň adaty kagyz kitaplary doly gysyp çykarmandygyny, eýsem, olaryň biri-birini özara baýlaşdyrýandygyny belleýärler. Häzirki wagtda köp okyjylar kitabyň sesli görnüşini ýolda diňleseler, onuň çeper nusgasyny öýde okamak üçin kagyz görnüşinde satyn almagy dowam edýärler. Şeýlelikde, sesli we elektron kitaplaryň goýýan täze rekordlary dünýäde maglumaty kabul etmegiň täze medeniýetiniň kemala gelendigini we edebiýatyň döwür bilen deň gadam urýandygyny aýdyň görkezýär.
PDF









