Aprel aýynda tälimçisini çalşan Saud Arabystanynyň milli ýygyndysynyň düzümi belli edildi. Gresiýaly tälimçi Georgias Donisiň ýolbaşçylygynda Dünýä Kubogyna gatnaşýan Saud Arabystanynyň düzümindäki 26 oýunçynyň 25-si ýurduň klublarynyň futbolçylarydyr. Diňe 1 futbolçy legioner bolup, ol hem Fransiýanyň “Lans” toparynda oýnaýan goragçy Saud Abdulhamiddir. Düzüme “Al-Hilaldan” 7, “Al-Nassrdan” 6 futbolçy çagyryldy.
Saud Arabystanynyň ýygyndysy “H” toparçada Kabo Werdeniň, Ispaniýanyň hem-de Urugwaýyň ýygyndysy bilen duşuşar.
DERWEZEÇILER Mohammed Al-Owais (Al-Ula) Nawaf Al-Akidi (Al-Nassr) Ahmed Al-Kassar (Al-Kadsiah) GORAGÇYLAR Saud Abdulhamid (Lans, Fransiýa) Hassan Al-Tambakti (Al-Hilal) Abdelalah Al-Amri (Al-Nassr) Nawaf Buşal (Al-Nassr) Ali Lajami (Al-Hilal) Ali Majraşi (Al-Ahli) Hassan Kadeş (Al-Ittihad) Moteb Al-Harbi (Al-Hilal) Jehad Takri (Al-Kadsiah) Mohammed Abu Al-Şamat (Al-Kadsiah) ÝARYMGORAGÇYLAR Salem Al-Dawsari (Al-Hilal) Mohamed Kanno (Al-Hilal) Nasser Al-Dawsari (Al-Hilal) Abdullah Al-Haibari (Al-Nassr) Musab Al-Juwaýr (Al-Kadsiah) Aýman Ýahýa (Al-Nassr) Ziýad Al-Johani (Al-Ahli) Sultan Mandaş (Al-Hilal) Alaa Al-Hejji (Neom) HÜJÜMÇILER Firas Al-Buraikan (Al-Ahli) Saleh Al-Şehri (Al-Ittihad) Abdullah Al-Hamdan (Al-Nassr) Halid Al-Gannam (Al-Ittifak)
PDF









