Gazagystanyň Almaty oblastynyň Alatau şäherinde Merkezi Aziýada ilkinji gezek uçuş meýdançasyndan asmana göterilen aerotaksiniň synag uçuşy üstünlikli amala aşyryldy. Döwlet goldawy we hususy işewürleriň hyzmatdaşlygy esasynda, sebitde ilkinji gezek uçýan ulaglar (aeromobillik) ulgamy döredilýär. Bu täze ulag görnüşi halkara sertifikatlaryny alandan soň, ony 2029-njy ýylyň başyna çenli söwda we ýolagçy daşamak maksatlary üçin ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.
Synag tapgyrynda Hytaýyň «AutoFlight» kompaniýasy tarapyndan öndürilen «V2000 Prosperity» kysymly elektrik togy bilen işleýän (eVTOL) uçuş enjamy synagdan geçirildi. Ýerden dolandyrylan 10 minutlyk pilotsyz uçuş üstünlikli geçdi. Muny başaran Gazagystan dünýäde döwrebap asman ulaglary tehnologiýasyny ösdürýän az sanly ýurtlaryň birine öwrüldi. Ýerli «Alatau Advanced Air Group» kompaniýasynyň Hytaý, Günbatar Ýewropa we ABŞ-nyň hyzmatdaşlary bilen bilelikde durmuşa geçirýän bu halkara taslamasynyň umumy maýa goýum möçberi, takmynan, 260 million ýewro barabardyr.
Häzirki zaman tehnologiýaly asman taksisi bir dolandyryjyny we bäş ýolagçyny daşamaga ukyply bolup, ol sagatda 200 kilometre çenli tizligini artdyrýar. Enjamyň esasy aýratynlygy, adaty dikuçarlardan tapawutlylykda, ses derejesiniň gaty pesligidir we onuň bir gezekki zarýady 250 kilometre çenli aralygy geçmäge ýetýär. Taslama laýyklykda, bu ulag serişdesi sebitiň howa şertlerinde hem bökdençsiz işlemek üçin goşmaça synaglardan geçiriler. Täze innowasion şäher taslamalarynyň çäginde döredilýän Alatau şäherini we Almaty halkara aeroportuny birleşdirjek ýörite «wertiportlar» – uçuş-gonuş meýdançalary gurulýar. 2028-nji ýyla çenli şeýle desgalaryň altysyny, geljekde bolsa sebit boýunça olaryň sanyny artdyrmak meýilleşdirilýär, munuň özi ýolagçylaryň ýoldaky wagtyny düýpli tygşytlamaga şert döreder.
Täze ulag ulgamynyň diňe bir ýolagçy daşamakda däl, eýsem, adatdan daşary ýagdaýlar baradaky gulluklaryň işinde hem giňden peýdalanylmagyna, şol sanda ýangyn söndürmek we gaýra goýulmasyz halas ediş ýüklerini daşamak ýaly ugurlarda ulanylmagyna garaşylýar. Taslamanyň doly durmuşa geçirilmegi bilen, ýolagçy daşama hyzmatlarynyň nyrhlarynyň ilat üçin elýeterli derejede kesgitlenjekdigi bellenilýär. Häzirki wagtda Gazagystan Respublikasynyň Ulag ministrligi tarapyndan asman taksileriniň işini kadalaşdyrmak maksady bilen degişli kanunçylyk binýadyny taýýarlamak işleri işjeň alnyp barylýar. Ýurtda gazanylan bu tejribäni geljekde bütin Merkezi Aziýa sebitiniň beýleki döwletlerinde hem giňden ulanmak we durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.
PDF









