Dur­muş dur­nuk­ly­ly­gy kes­git­le­n­di

6

«Re­mit­ly» kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan taý­ýar­la­nan 2026-njy ýy­lyň Im­mig­ra­si­ýa in­dek­si­ne la­ýyk­lyk­da, Şweý­sa­ri­ýa dur­muş şert­le­ri, zäh­met ha­ky we howp­suz­lyk de­re­je­si bo­ýun­ça iň ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji­le­ri eýe­läp, gö­çüp bar­mak we ýa­şa­mak üçin dün­ýä­niň iň özü­ne çe­ki­ji döw­le­ti diý­lip yk­rar edil­di. Dün­ýä­niň 82 ýur­du­ny ýa­şaý­şyň gym­mat­ly­gy, bi­li­miň de­re­je­si, sag­ly­gy go­ra­ýyş, eko­lo­gi­ýa ýa­ly 34 sa­ny esa­sy gör­ke­zi­ji bo­ýun­ça ba­ha­lan­dyr­ýan bu hal­ka­ra reý­ting­de ikin­ji we üçün­ji orun­la­ry, de­giş­li­lik­de, Is­lan­di­ýa bi­len Lýuk­sem­burg eýe­le­di. Il­kin­ji bäş­li­giň ha­ta­ry­na Ýew­ro­pa se­bi­tin­den bol­ma­dyk ýe­ke-täk döw­let hök­mün­de Awst­ra­li­ýa (4-nji orun) we Ger­ma­ni­ýa (5-nji orun) gir­di. Gö­çüp bar­mak üçin iň amat­ly ýurt­la­ryň on­lu­gy­na bol­sa Ir­lan­di­ýa, ABŞ, Da­ni­ýa, Nor­we­gi­ýa we Is­pa­ni­ýa ýa­ly ýurt­lar ýer­leş­di.

Ge­çi­ri­len bar­lag­lar dur­mu­şyň dür­li ugur­la­ry, şol san­da maş­ga­la dur­nuk­ly­ly­gy we mad­dy bäh­bit­ler bo­ýun­ça hem aý­ra­tyn­lyk­la­ry ýü­ze çy­kar­dy. Hu­su­san-da, bi­lim ul­ga­my, ça­ga­la­ra ideg et­mek şert­le­ri we dur­muş gol­da­wy bo­ýun­ça Is­pa­ni­ýa maş­ga­la­ly gö­çüp bar­mak üçin iň amat­ly ýurt diý­lip bel­le­nil­di. Bu ugur­da Hy­taý ikin­ji, ABŞ bol­sa üçün­ji or­ny eýe­le­di. Şo­nuň bi­len bir wagt­da, gir­de­ji­le­riň we çyk­da­jy­la­ryň öza­ra gat­na­şy­gy, ýag­ny, ýa­şa­ýyş gym­mat­ly­gy we sa­tyn aly­jy­lyk uky­by bo­ýun­ça Sa­ud Ara­bys­ta­ny dün­ýä­de bi­rin­ji or­ny eýe­le­di. Bu gör­ke­zi­ji bo­ýun­ça Bang­la­deş we ABŞ öň­dä­ki orun­la­ry paý­laş­sa, Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da Nor­we­gi­ýa we Da­ni­ýa gir­de­ji­le­riň hem-de çyk­da­jy­la­ryň iň amat­ly de­ňag­ram­ly­ly­gy­ny üp­jün ed­ýän döw­let­ler hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy.