Tomus paslynyň gelmegi bilen adamlar haýsydyr bir ýere gidip, dynç almagy meýilleşdirýärler. Gidilmegi meýilleşdirilýän ýerleriň sanawynda salkyn şäherler, deňiz kenarlary, muzeýler, owadan tebigatly ýerler we daglyk obalar esasy orny eýeleýär.
Tokio. Ýurduň iň köp ilatly şäheri bolan Tokioda 14 milliondan gowrak adam ýaşaýar.
2 müň 194 inedördül kilometr meýdany tutýan bu şäher syýahatçylyk pudagynda öňdäki orunlary eýeleýär. «Neon yşyklaryň şäheri» ady bilen tanalýan Tokioda tomsuna howa 20-23 derejede saklanýar. Tokio her ýyl 30 milliondan gowrak myhman barýar. Şäheriň iň owadan ýerleriniň sanawynda «Tokio Skytree» ýaýlym we gözegçilik diňi öňdeligi eýeleýär. Ýaponiýanyň iň beýik gurluşy bolan bu binanyň boýy 634 metre ýetýär. Sumida derýasynyň kenarynda ýerleşýän bu şäheri gaýykly ýa-da gämili gezelenç edip, ýapon medeniýetine degişli gözellikleri ýakyndan synlap bolýar.
«Jennet derwezesi». Hytaýyň Týanmen daglarynda ýerleşýän meşhur ýerleriň biri «Jennet derwezesi» (Týanmen gowagy) bolup, her ýyl millionlarça syýahatçyny özüne çekýär. Iki gaýanyň birleşýän ýerinde tebigy ýagdaýda süýnmek açyk gowak emele gelipdir. Edil dagyň girelge gapysy ýaly görünýän bu ýere «Jennet derwezesi» diýlip at berlipdir. Dagyň girelgesine barmak üçin jülgeden ýokarlygyna beýgelip gidýän 999 basgançak ýol geçmeli. Basgançaklaryň 9-lyk san bilen baglanyşdyrylmagy ýöne ýerden däl. Sebäbi hytaý medeniýetinde 9-lyk san bakylygy aňladýar. Daş-töweregi tokaý bilen gurşalan 1260 metr belentlikde bulutlaryň arasynda ýöremek syýahatçylarda özboluşly duýgulary döredýär. Basgançakly jülgäniň beýikligi 131 metre barabar bolup, ini 50 metr töweregidir.
Maýami Biç. 1915-nji ýylyň 26-njy martynda döredilen Maýami Biç şypahana şäheri hökmünde tanalýar. Florida ştatynyň günortasynda ýerleşýän ada şäheri ak çägeli owadan kenarlary bilen syýahatçylaryň ünsüni çekýär. Maýami Biç 3 sany dynç alyş merkezini özünde jemleýär. 48,5 indedördül kilometr meýdany tutýan Maýami Biç binagärlik gurluşygy bilen görenleri haýran galdyrýar. Kenarýaka şäheriň «Okean Drive» köçesiniň ugrundaky restoranlarda açyk howada naharlanmak, «Wynwood Walls» sungat meýdançasynda aýlanmak, «Jungle Island» suw seýilgähinde gazykly gezelenç etmek, «Erkinlik diňi» binasyndaky muzeýi gözden geçirmek, amerikan ýazyjysy Ernest Hemingueýiň ýaşan öýüne barmak syýahatçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Maýami Biçde her ýylyň dekabr aýynda hemmäniň sabyrsyzlyk bilen garaşýan «Art Bazel» festiwaly geçirilýär. Şäherde 44 sany seýilgäh, 2 sany golf meýdançasy, 2 tennis merkezi, şäheriň bir çetinden beýleki çetine barýan suw ýoly, köp sanly howuz, buz meýdançalary bar.
Luwr muzeýi. Dünýäniň iň uly muzeýleriniň biri hasaplanýan «aýnaly piramida» 1793-nji ýylda myhmanlara gapysyny açýar. Sena derýasynyň sag kenarynda, Luwr köşgüniň öňündäki meýdançada gurlan köp asyrlyk muzeýde 35 müňden gowrak sungat eserleri köpçülige hödürlenýär. 8 bölümden ybarat muzeýde saklanýan çeper eserleriň aglaba bölegi kartinalardan durýar. Bellenilişine görä, dünýä belli suratkeşleriň çeken 7500-den gowrak portretleri muzeýiň sungat galereýasynda saklanýar. Olardan italýan suratkeşi Leonardo da Winçiniň Mona Liza bagyşlan portreti uly meşhurlyga eýedir. 4 sany girelgesi bolan Luwr muzeýine her gün 15 müň töweregi, her ýyl bolsa 9 milliondan gowrak syýahatçy barýar.
Wengen obasy. Alp daglarynyň eteginde, deňiz derejesinden 1274 metr belentlikde ýerleşýän Wengen obasynda 1000-den gowrak adam ýaşaýar. Bu oba Şweýsariýanyň meşhur ýerleriniň biri bolup, tomus möwsüminde has köp syýahatçy barýar. Wengen obasy suw şypahanasy, asma ýoly, lyža ýaryşlary, gurjak teatrlary hem-de «Mendelssohn» aýdym-saz hepdeligi bilen meşhurdyr. Arassa dag howasynyň hapalanmazlygy üçin bu ýerde ulag sürmek gadagan edilýär.
PDF









