Dünýä çempionatyna taýýarlyk tamamlandy

7

Demirgazyk Amerika yklymy futbol boýunça taryhda iň uly Dünýä çempionatyny (DÇ-2026) kabul etmäge doly taýýardygyny habar berýär. Ilkinji gezek birwagtda üç döwletde – ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek hem-de 48 ýygyndy toparyň gatnaşjak bu taryhy ýaryşynyň ilkinji duşuşygy penşenbe güni bolar. Onuň ilkinji oýnunda Meksikanyň hem-de Günorta Afrikanyň ýygyndy toparlary güýç synanyşar.
Çempionatyň guramaçylyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Ýaryşyň çäklerindäki 104 oýnuň 78-si (takmynan 75 göterimi) ABŞ-nyň 11 şäherinde guralar. Şeýle hem Kanadanyň Toronto şäherinde jemi alty duşuşyk geçiriler we oňa 300 müňe golaý janköýeriň gelmegine garaşylýar. Guramaçy şäherleriň häkimlikleri we degişli gulluklary howpsuzlyk meýilnamalarynyň tassyklanandygyny, ulag ulgamlarynyň synagdan geçirilendigini hem-de janköýerler üçin niýetlenen zolaklaryň myhmanlary kabul etmäge doly taýýardygyny mälim etdiler. Ýaryşyň resmi topy eýýäm synag duşuşyklarynda ulanylyp başlandy.
Şeýle-de bolsa, çempionatyň başlamagynyň öňüsyrasynda janköýerler we resmi taraplar käbir kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldular. Hususan-da, petekleriň gymmatlygy, migrasiýa gadagançylyklary we ABŞ-nyň wiza çäklendirmeleri dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýär. ABŞ-nyň durmuşa geçirýän migrasiýa syýasaty sebäpli, 2025-nji ýylda Afrikanyň futbol konfederasiýasy tarapyndan iň gowy emin diýlip ykrar edilen somalili emin Omar Artana ýurda girmäge rugsat berilmedi we ol eminleriň sanawyndan çykaryldy. Şeýle hem Gaiti, Eýran, Senegal we Kot-d’Iwar ýaly ýurtlaryň janköýerleri çäklendirmelere duçar boldular. Eýranyň milli ýygyndysy bolsa taýýarlyk tapgyryny Meksikanyň Tihuana şäherine geçirmeli boldy; sebäbi futbolçylara diňe oýun günleri Los-Anjelese barmaga rugsat berildi. Ýüze çykan ýagdaýlar bilen bagly Halkara futbol federasiýasy (FIFA) migrasiýa amallaryna gatyşmaýandygyny mälim etdi.
Muňa garamazdan, guramaçylar taryhy sport çäresiniň ýokary derejede geçiriljekdigini ynamly belleýärler. Häzirki wagtda tutuş dünýäniň ünsi diňe bir futbol oýunlaryna däl, eýsem, Demirgazyk Amerika yklymynyň bu ägirt uly sport baýramçylygyny nähili guramaçylykda geçirjekdigine gönükdirilendir.