Awstraliýanyň iň kiçi şäheri satuwa çykaryldy

2

Awstraliýanyň resmi taýdan iň kiçi şäheri hökmünde ykrar edilen Kuladdi şäherçesi 400 müň awstraliýa dollaryna (takmynan 280 müň amerikan dollaryna) satuwa çykaryldy. Ýurduň Kwinslend ştatynyň çet sebitinde, ýagny Brisben şäherinden 800 kilometr günbatarda ýerleşýän bu ilatly ýer häzirki wagtda resmi taýdan bary-ýogy iki sany ýaşaýjynyň mekany bolup durýar. Şäherçäniň satuwa çykarylmagyna bu ýerde ýaşaýan adamlaryň başga ýere göçmegi we öz gozgalmaýan emläklerini satmak baradaky karary sebäp boldy.
Şäherçäniň täze eýesi emläkler bilen bir hatarda, bu ýerdäki ýaşaýyş jaýlaryna, dört otagly myhmanhana, dükana, we dört ýyldyzly restorana doly eýelik eder. Kuladdi geçmişde iri demir ýol çatrygy hökmünde hyzmat edip, özüniň iň gülläp ösen döwründe bu ýerde 270-e golaý adam ýaşapdyr. Şol wagtlar şäherçede mekdep, et dükany we polisiýa bölümi hem hereket edipdir. Kuladdiniň pese gaçmagy 1917-nji ýylda demir ýol liniýasynyň başga bir ilatly ýere çenli uzaldylmagy bilen başlandy. Demir ýol arkaly ýolagçy gatnatmagyň doly bes edilmegi netijesinde bolsa, ýerli ilat bu ýeri köpçülikleýin terk etdi.