Häzirki döwürde diňe bir keselleri bejermek däl, eýsem, olaryň öňüni almak hem möhüm meseleleriň biridir. Şonuň üçin ýurdumyzda öňüni alyş lukmançylygyna aýratyn üns berilýär. Yzygiderli geçirilýän saglyk barlaglary, sanjymlar, wagyz-nesihat çäreleri we köpçülikleýin saglyk çäreleri ilatyň arasynda dürli keselleriň ýaýramak howpuny peseldýär. Ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işler halkara ülňülere laýyklykda guralýar. Arassaçylyk-gigiýena kadalarynyň berjaý edilmegi, ilatyň saglyk sowatlylygynyň ýokarlandyrylmagy we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň giňden wagyz edilmegi bu ugurda wajyp orun eýeleýär.
Türkmenistanyň saglygy goraýyş syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hem sagdyn durmuş ýörelgelerini jemgyýetde berkitmekden ybaratdyr. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde sport toplumlary, bedenterbiýe merkezleri, stadionlar, welosiped ýollary we beýleki sport desgalary gurlup, halkyň hyzmatyna berilýär. Bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmak ýürek-damar, süýji keseli, semizlik ýaly köp sanly keselleriň öňüni almaga kömek edýär. Şeýle hem sport bilen meşgullanmak adamyň ruhy ýagdaýyna oňyn täsir edip, zähmete ukyplylygyny ýokarlandyrýar. Sagdyn iýmitlenmek hem saglygyň möhüm şertleriniň biridir. Witaminlere, minerallara we beýleki peýdaly maddalara baý önümleriň ulanylmagy bedeniň immunitetini güýçlendirýär hem-de dürli kesellere garşy durnuklylygyny ýokarlandyrýar.
Tomus paslynyň gelmegi bilen, howanyň temperaturasy ep-esli ýokarlanýar. Bu ýagdaý adam bedeniniň işleýşine täsir edip biler. Esasan-da, çagalaryň, ýaşuly adamlaryň, göwreli zenanlaryň we dowamly kesellerden ejir çekýän adamlaryň saglygy üçin aýratyn seresaplylyk zerurdyr. Yssy howada bedeniň suwa bolan talaby artýar. Adam bedeniniň esasy bölegini suw düzýändigi sebäpli, onuň ýetmezçiligi dürli näsazlyklara getirip biler. Şonuň üçin tomus aýlarynda günüň dowamynda ýeterlik mukdarda arassa agyz suwuny içmek maslahat berilýär. Suw bedeniň ýylylyk sazlaşygyny üpjün edýär, zyýanly maddalaryň bedenden çykarylmagyna ýardam berýär we umumy saglyk ýagdaýyny gowulandyrýar.
Tomus möwsüminde iň köp duş gelinýän saglyk meseleleriniň biri Gün urmasydyr. Gün urmasy bedeniň aşa gyzmagy netijesinde ýüze çykýar. Şeýle ýagdaýda adamyň bedeni gyzýar, kellesi agyrýar, ýüregi bulanýar, gowşaklyk emele gelýär. Gün urmasynyň öňüni almak üçin günortan wagty uzak wagtlap göni Gün şöhlesiniň aşagynda bolmazlyk, açyk reňkli, ýeňil we howa geçiriji egin-eşikleri geýmek, başgap ulanmak, kölegeli ýerlerde dynç almak, köp mukdarda suw içmek, fiziki işleriň agyr görnüşlerini günüň salkyn wagtlarynda ýerine ýetirmek zerur bolup durýar.
Yssy howada iýmitlenişe aýratyn üns bermek gerek. Tomus möwsüminde täze miweleri, gök önümleri, gök önümlerden taýýarlanan işdäaçarlary we süýt önümlerini iýmek peýdalydyr. Bu önümler bedeni witaminler bilen üpjün edýär we immuniteti güýçlendirýär. Şeýle hem azyk önümleriniň saklanyş şertlerine berk üns bermek zerurdyr. Yssy howada iýmitler çalt zaýalanýar. Şonuň üçin iýmitleri sowadyjyda saklamak, olaryň öndürilen möhletini gözden geçirmek we şübheli önümleri ulanmazlyk maslahat berilýär.
Tomus aýlarynda dürli keselleriň ýaýramak mümkinçiligi ýokarlanýar. Şeýle ýagdaýlaryň öňüni almak üçin şahsy arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek möhümdir. Eliňizi sabyn bilen ýygy-ýygydan ýuwmak, arassa suw içmek, iýmit önümlerini gowy ýuwmak we ýaşaýyş ýerleriniň arassalygyny üpjün etmek saglygyň goralmagyna uly goşant goşýar. Dynç alyş ýerlerinde, aýratyn-da suw howdanlarynyň golaýynda arassaçylyk düzgünlerine berk eýerilmelidir. Çagalaryň howpsuzlygy hemişe ulularyň gözegçiliginde bolmalydyr.
Tomus paslynda saglygy goramak her bir raýatyň gündelik durmuşynda möhüm orun eýelemelidir. Lukmançylyk maslahatlaryna eýermek, dogry iýmitlenmek, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek we yssy howadan goranyş çärelerini görmek arkaly öz saglygymyzy gorap, sagdyn we bagtyýar durmuşyň hözirini görüp bileris.
Laçyn AMANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň deri we weneriki keseller kafedrasynyň assistenti.
PDF









