Eziz Watanymyzyň geografik ýerleşişi onuň halkara ulag-logistika merkezleriniň birine öwrülmegi üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini artdyrmak, içerki we halkara gatnawlary kämilleşdirmek maksady bilen iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Döwrebap awtomobil ýollarynyň gurluşygy diňe bir ykdysady ösüşe däl, ýol hereketiniň howpsuzlygynyň ýokarlanmagyna hem oňyn täsir edýär. Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň tapgyrlaýyn ulanmaga berilmegi Diýarymyzyň ulag ulgamynyň ösüşindäki möhüm wakalaryň biri boldy. Bu ýol häzirki zaman talaplaryna laýyklykda gurlup, ulaglaryň amatly we howpsuz hereket etmegi üçin ähli şertleri özünde jemleýär. Şeýle taslamalar ýurdumyzyň ýol infrastrukturasyny täze derejä çykarýar.
Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň orny aýratyn uludyr. Gullugyň işgärleri ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçilik etmek, sürüjileriň we pyýadalaryň hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça netijeli işleri alyp barýarlar. Häzirki döwürde ýol gözegçilik gullugynyň işinde sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar. Döwrebap wideo gözegçilik ulgamlary, awtomatlaşdyrylan dolandyryş serişdeleri, elektron maglumat bazalary hem-de tehniki gözegçilik enjamlary hereket howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Bu bolsa ýol hereketindäki düzgün bozmalary tiz ýüze çykarmaga we öňüni almaga mümkinçilik berýär.
Ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen ilat arasynda yzygiderli düşündiriş we wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Bilim edaralarynda, kärhanalarda we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde geçirilýän duşuşyklar, maslahatlardyr ýörite çäreler raýatlaryň ýol hereketiniň düzgünlerine bolan jogapkärçilikli garaýşyny kemala getirmäge ýardam berýär. Ýurdumyzyň şäherlerinde hem-de ilatly ýerlerinde döwrebap ýol belgileri, pyýada geçelgeleri we yşyklandyryş ulgamlary yzygiderli kämilleşdirilýär. Bu işler sürüjiler we pyýadalar üçin amatly hem-de howpsuz şertleriň döredilmegine gönükdirilendir. Awtoulaglaryň sanynyň artýan döwründe şeýle özgertmeleriň ähmiýeti has-da ýokarlanýar.
Ýol hereketiniň howpsuzlygy her bir raýatyň, sürüjiniň we pyýadanyň umumy jogapkärçiligidir. Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň alyp barýan işleri, döwrebap ýol infrastrukturasynyň döredilmegi hem-de jemgyýetde hukuk medeniýetiniň ýokarlanmagy ýurdumyzyň ýollarynda howpsuzlygyň üpjün edilmegine berk esas döredýär. Ýurdumyzda ulag pudagynyň ösüşi, täze awtomobil ýollarynyň gurulmagy we hereket howpsuzlygynyň kämilleşdirilmegi döwletimiziň halkyň abadançylygyny üpjün etmek ugrunda alyp barýan syýasatynyň aýdyň netijesidir. Geljekde hem bu ugurda amala aşyrylýan giň möçberli taslamalar ýurdumyzyň ulag-logistika kuwwatyny has-da berkitmek bilen birlikde, ýol hereketiniň howpsuzlygyny täze derejelere çykarar.
Hakberdi Rejepow,
Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrap polisiýa bölüminiň Polisiýanyň ýol gözegçilik bölümçesiniň wagyz-nesihat işleri boýunça gözegçisi, polisiýanyň kapitany.
PDF









