Abadan durmuşyň kepili

3

Eziz Wa­ta­ny­my­zyň ge­og­ra­fik ýer­le­şi­şi onuň hal­ka­ra ulag-lo­gis­ti­ka mer­kez­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­me­gi üçin uly müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­my­zyň üs­ta­şyr ulag müm­kin­çi­lik­le­ri­ni art­dyr­mak, içer­ki we hal­ka­ra gat­naw­la­ry kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len iri tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Döw­re­bap aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy di­ňe bir yk­dy­sa­dy ösü­şe däl, ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy­na hem oňyn tä­sir ed­ýär. Aş­ga­bat-Türk­me­na­bat ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň tap­gyr­la­ýyn ulan­ma­ga be­ril­me­gi Diýary­my­zyň ulag ul­ga­my­nyň ösü­şin­dä­ki mö­hüm wa­ka­la­ryň bi­ri bol­dy. Bu ýol hä­zir­ki za­man ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da gur­lup, ulag­la­ryň amat­ly we howp­suz he­re­ket et­me­gi üçin äh­li şert­le­ri özün­de jem­le­ýär. Şeý­le tas­la­ma­lar ýur­du­my­zyň ýol inf­rast­ruk­tu­ra­sy­ny tä­ze de­re­jä çy­kar­ýar.
Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek­de Po­li­si­ýa­nyň ýol gö­zeg­çi­lik gul­lu­gy­nyň or­ny aý­ra­tyn ulu­dyr. Gul­lu­gyň iş­gär­le­ri ýol-ulag ha­dy­sa­la­ry­nyň öňü­ni al­mak, ýol he­re­ke­ti­niň düz­gün­le­ri­niň ber­jaý edi­li­şi­ne gö­zeg­çi­lik et­mek, sü­rü­ji­le­riň we py­ýa­da­la­ryň hu­kuk me­de­ni­ýe­ti­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­le­ri alyp bar­ýar­lar. Hä­zir­ki dö­wür­de ýol gö­zeg­çi­lik gul­lu­gy­nyň işin­de san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň müm­kin­çi­lik­le­rin­den giň­den peý­da­la­nyl­ýar. Döw­re­bap wi­deo gö­zeg­çi­lik ul­gam­la­ry, aw­to­mat­laş­dy­ry­lan do­lan­dy­ryş se­riş­de­le­ri, elekt­ron mag­lu­mat ba­za­la­ry hem-de teh­ni­ki gö­zeg­çi­lik en­jam­la­ry he­re­ket howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Bu bol­sa ýol he­re­ke­tin­dä­ki düz­gün boz­ma­la­ry tiz ýü­ze çy­kar­ma­ga we öňü­ni al­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Ýol-ulag ha­dy­sa­la­ry­nyň öňü­ni al­mak mak­sa­dy bi­len ilat ara­syn­da yzy­gi­der­li dü­şün­di­riş we wa­gyz-ne­si­hat iş­le­ri ge­çi­ril­ýär. Bi­lim eda­ra­la­ryn­da, kär­ha­na­lar­da we köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de ge­çi­ril­ýän du­şu­şyk­lar, mas­la­hat­lardyr ýö­ri­te çä­re­ler ra­ýat­la­ryň ýol he­re­ke­ti­niň düz­gün­le­ri­ne bo­lan jo­gap­kär­çi­lik­li ga­raý­şy­ny ke­ma­la ge­tir­mä­ge ýar­dam ber­ýär. Ýur­du­my­zyň şä­her­le­rin­de hem-de ilat­ly ýer­le­rin­de döw­re­bap ýol bel­gi­le­ri, py­ýa­da ge­çel­ge­le­ri we yşyk­lan­dy­ryş ul­gam­la­ry yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­ýär. Bu iş­ler sü­rü­ji­ler we py­ýa­da­lar üçin amat­ly hem-de howp­suz şert­le­riň dö­re­dil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. Aw­tou­lag­la­ryň sa­ny­nyň art­ýan döw­rün­de şeý­le öz­gert­me­le­riň äh­mi­ýe­ti has-da ýo­kar­lan­ýar.
Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy her bir ra­ýa­tyň, sü­rü­ji­niň we py­ýa­da­nyň umu­my jo­gap­kär­çi­li­gi­dir. Po­li­si­ýa­nyň ýol gö­zeg­çi­lik gul­lu­gy­nyň alyp bar­ýan iş­le­ri, döw­re­bap ýol inf­rast­ruk­tu­ra­sy­nyň dö­re­dil­me­gi hem-de jem­gy­ýet­de hu­kuk me­de­ni­ýe­ti­niň ýo­kar­lan­ma­gy ýur­du­my­zyň ýol­la­ryn­da howp­suz­ly­gyň üp­jün edil­me­gi­ne berk esas dö­red­ýär. Ýur­du­myz­da ulag pu­da­gy­nyň ösü­şi, tä­ze aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň gu­rul­ma­gy we he­re­ket howp­suz­ly­gy­nyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi döw­le­ti­mi­ziň hal­kyň aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mek ug­run­da alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­nyň aý­dyň ne­ti­je­si­dir. Gel­jek­de hem bu ugur­da ama­la aşy­ryl­ýan giň möç­ber­li tas­la­ma­lar ýur­du­my­zyň ulag-lo­gis­ti­ka kuw­wa­ty­ny has-da ber­kit­mek bi­len bir­lik­de, ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy­ny tä­ze de­re­je­le­re çy­ka­rar.

Hakberdi Rejepow,
Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrap polisiýa bölüminiň Polisiýanyň ýol gözegçilik bölümçesiniň wagyz-nesihat işleri boýunça gözegçisi, polisiýanyň kapitany.