Türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan milli gymmatlyklarynyň arasynda çörek aýratyn orna eýedir. Ata-babalarymyzyň durmuşynda, däp-dessurlarynda, pähim-paýhasynda we gündelik ýaşaýşynda çörege goýlan hormat özboluşly terbiýe mekdebini emele getiripdir. Çörek diňe bir adamzadyň açlygyny gandyrýan iýmit bolman, eýsem, berekediň, halal zähmetiň, agzybirligiň, asudalygyň we mukaddesligiň nyşany hökmünde kabul edilipdir. Halk arasynda aýdylýan «Çörek mukaddesdir», «Çörege hormat – berekete hormat», «Çöregiň gadyryny bilýän adam zähmetiň hem gadyryny biler» diýen ýaly pähim-paýhasly sözler halkymyzyň bu nygmata nähili uly sarpa goýýandygyny görkezýär. Häzirki döwürde hem bu asylly ýörelgeler öz ähmiýetini ýitirmän, ýaş nesilleriň terbiýesinde möhüm orun eýeleýär.
Türkmen halkynyň taryhy durmuşyna ser salanymyzda, çöregiň diňe bir iýmit däl-de, ruhy gymmatlyk hökmünde hem kabul edilendigini görmek bolýar. Gadymy döwürlerde oba ilatynyň durmuşynda bugdaý ekmek, hasyl ýygnamak we çörek bişirmek örän hormatlanýan işler hasaplanypdyr. Bir döwüm çörege daýhanyň ýylyň dowamynda çeken zähmetiniň miwesi hökmünde garalypdyr. Çöregiň aňyrsynda ýüzlerçe adamyň zähmeti ýatyr. Şonuň üçin hem çöregi isrip etmek köp adamyň halal zähmetine biparh garamak hökmünde kabul edilýär. Türkmen halkynyň «Bir döwüm çöregiň gadyryny bil» diýen öwüdi hem hut şu hakykatdan gözbaş alýar. Zähmet bilen gazanylan her bir nygmatyň gadyr-gymmatyny bilmek adamlarda zähmetsöýerligi, tertipliligi we jogapkärçiligi terbiýeleýär.
Ata-babalarymyz saçakda ilki çörek goýmagy ýagşy niýet bilen baglanyşdyrypdyrlar. Myhman gelen öýde ilkinji hödürlenýän nygmat hem köplenç nan bolupdyr. Sebäbi çörek dostlugyň, ynamyň we myhmansöýerligiň alamaty hasaplanypdyr. Türkmen maşgalasynda çöregi ýere taşlamak ýa-da hormatsyzlyk etmek ýaramaz gylyk hökmünde kabul edilipdir. Ýere düşen çörek bölegini alyp, ýokarda goýmak ýa-da guş-gumrulara bermek ýaly däpler halkymyzyň çörege bolan çuňňur hormatynyň aýdyň mysalydyr.
Türkmen saçagyny çöreksiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Her bir maşgala üçin nan gündelik iýmitiň esasy bölegidir. Şol bir wagtyň özünde ol maşgala agzybirliginiň hem nyşany bolup hyzmat edýär. Baýramçylyk günlerinde, toý dabaralarynda, sadakalarda we beýleki köpçülikleýin çärelerde saçaklaryň başynda hökman çörek goýulýar. Bu diňe bir däp bolman, eýsem, öýüň berekediniň we myhmana goýulýan hormatyň nyşanydyr. Myhmany duz-çörek bilen garşy almak türkmen halkynyň iň gadymy däpleriniň biridir. Bu däp myhmana ýagşy arzuwlaryň, dostlugyň we hormatyň nyşany hökmünde düşünilýär. Şonuň üçin çörek halkymyzyň myhmansöýerlik medeniýetiniň hem aýrylmaz bölegidir.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmek, azyk bolçulygyny üpjün etmek we bugdaý önümçiligini artdyrmak boýunça giň gerimli işler amala aşyryldy. Döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň ulanylmagy, ekerançylygyň ylmy esasda ösdürilmegi we daýhanlar üçin döredilýän mümkinçilikler bol hasyl almaga şert döredýär. Her ýyl ýurdumyzyň bugdaý meýdanlarynda öndürilýän bol hasyl halkymyzyň rysgalynyň artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Daýhanlaryň yhlasly zähmeti netijesinde türkmen saçaklary bereketli çörek önümleri bilen üpjün edilýär. Bu üstünlikler diňe bir ykdysady taýdan däl, halkymyzyň abadançylygynyň, ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagynyň hem möhüm görkezijileriniň biridir.
Çörekde daýhanyň maňlaý deri ene topragyň berekedi we halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getiren ruhy gymmatlyklary jemlenendir. Şonuň üçin çörek diňe bir saçaklaryň bezegi däl, eýsem, halkymyzyň kalbynda ýaşap gelýän mukaddes nygmatdyr. Çörek mukaddesdir. Mukaddeslige hormat goýmak bolsa her birimiziň borjumyzdyr.
Oguljan ÝAGŞYMYRADOWA,
Aşgabat şäherindäki 129-njy orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.
PDF









