Bir bul­gur süýt

1

(Hekaýat)

Mek­dep pu­lu­ny tö­le­mek üçin ga­py­ma-ga­py­ aýlanyp, ha­ryt sa­typ ýö­ren ga­ryp og­lan­jyk nä­me et­je­gi­ni bil­män, bir ýaş ze­na­ndan bir bul­gur suw so­rap­dyr.
Ze­nan onuň tap­dan dü­şen, ýa­daw ha­ly­ny gö­rüp, su­wuň de­re­gi­ne bir bul­gur süýt ge­ti­rip­dir.
Süý­di içip bo­lan­soň, og­lan­jyk ze­nan­dan onuň ba­ha­sy­ny so­rap­dyr. Em­ma ze­nan ýyl­gy­ryp­dyr-da, şeý­le di­ýip­dir:
– Ejem bi­ze eden ýag­şy­ly­gyň deregine zat alyn­maz di­ýip öw­re­dip­di.
Og­lan­jyk min­net­dar­lyk bi­len hoş­la­şyp­dyr.
Ýyl­lar ge­çip­dir. Şol ze­nan ga­ty seý­rek duşýan agyr ke­se­le uç­rap­dyr. Ony uly şä­her­dä­ki has­sa­ha­na alyp ba­ryp­dyr­lar. Şol ýer­de ab­raý­ly luk­man Ho­ward Kel­lyny ony be­jer­mä­ge ça­gy­rypdyrlar.
Lukman Kel­ly onuň ady­ny we dog­duk şä­he­ri­ni eşi­den­de ze­na­ny ta­nap­dyr. Şon­dan soň ol aýa­lyň be­jer­gi­si­ni do­ly öz gö­zeg­çi­li­gi­ne alyp­dyr we sa­gal­ýan­ça äh­li ze­rur luk­man­çy­lyk kö­me­gi­ni be­rip­dir.
Bir­nä­çe hep­de­den soň ze­nan sa­ga­lyp­dyr. Em­ma ol be­jer­gi­niň töleginiň näçedigini bil­mek­den gor­kup­dyr, se­bä­bi ol bu çyk­da­jy­la­ry öm­rü­niň ahy­ry­na çen­li hem tö­läp bil­me­je­gi­ne göz ýetiripdir.
Ahy­ry ha­sap ge­ti­ri­len­de, ze­nan umytsyzlyk bi­len ony açyp­dyr. Ýö­ne ha­sa­byň aşa­gyn­da di­ňe şu söz­ler ýa­zy­lan ekeni:
«Bir bul­gur süýt bi­len do­lu­ly­gy­na tö­le­n­di.
Lukman Ho­ward Kel­ly».

Iňlis dilinden terjime eden Aýsoltan Annakowa,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.