Awtoulag senagatynda öňdeligi eýeleýän «Volkswagen» (halk awtoulagy) awtoulag konserni ulaglarynyň hili we çydamlylygy bilen tapawutlanýar. 1937-nji ýylda esaslandyrylan bu kompaniýanyň baş edarasy Wolfsburg şäherinde ýerleşýär. Bu şäherde «Volkswagen»-iň zawody bolup, golaýynda «Autostadt» (awtoulag şäherjigi) ýerleşýär. «Autostadt» iki sany köp gatly aýna binadan ybarat bolup, kompaniýanyň täze öndürilen modelleri şol ýerde görkezilişe çykarylýar. Silindr görnüşli, merkezinde ulaglary ýokary göterip, aşak düşürýän özboluşly lifti bolan bu binalaryň beýikligi 60 metr bolup, her birine dört ýüzden gowrak ulag ýerleşýär.
Binalaryň gurluşygynda esasy serişde hökmünde aýna ulanylypdyr. Ýerli ýaşaýjylar uzyn binalary «awtoulag duralgasy» diýip atlandyrsalar-da, bu ýerde «Volkswagen»-iň täze önümler mahabatlandyrylýar. Aýna diňler 700 metrlik ýerasty tunnel arkaly zawoda birigýär. Zawoddan çykan «Wolkswagenler» tunneldäki relslere mündürilip, ýerzeminden göni mahabat binasyna getirilýär. Bu ýerde täze ulaglar sekuntda iki metr tizlik bilen hereket edýän lift arkaly ýokary galdyrylyp, ýerli-ýerine goýulýar. Ulgamyň esasy aýratynlygy täze awtoulaglary hiç hili herekete getirmezden, müşderilere gowşurmakdyr. Ýagny satyn alyjy awtoulagyň geçen ýoluny noldan herekete getirip başlaýar.
«Volkswagen»-iň meşhur binalary – aýna diňler 2000-nji ýylda gurlup, bu ýere ýylda 2 million töweregi müşderi barýar. Binanyň çäginde awtoulag muzeýi, uly kinoteatr, awtoulag brendleriniň pawilýonlary bolup, uzyn binanyň özboluşly aýratynlyklary bilen tanyşdyrylýan 15-20 minutlyk gezelençler guralýar. Otaglaryň biri kompýuterler bilen abzallaşdyrylyp, müşderiler «Volkswagen»-iň modelleriniň tehniki we bezeg aýratynlyklary bilen içgin tanşyp bilýärler. Myhmanlar aýna liftler arkaly binanyň iň ýokarky – 20-nji gatyndaky synlaýyş otagyna baryp aşaklygyna seredenlerinde binanyň içindäki täsin gurluşa şaýat bolýarlar. Mundan başga-da, müşderiler zawoda baryp, satyn alýan ulaglarynyň önümçilik pursatlaryny hem synlap bilýärler. «Autostadt» diňi diňe müşderileriň ünsüni özüne çekmän, syýahatçylyk babatda hem meşhur ýerleriň biridir.
PDF









