Kuber-Pedi Awstraliýanyň iň çetki böleginde ýerleşýän, örän gurak we giň landşaft bilen gurşalan kiçijik şäherdir. Örän yssy howa sebäpli şäherçäniň ýaşaýjylary ýerasty gowaklarda, ýagny ýerzeminde ýaşaýarlar. Ýaşaýyş jaýlaryndan başga-da, bu ýerde ýerasty ybadathanalar, muzeýler we dükanlar hem bar. Şäherçäniň 1700 ýaşaýjysy bar.
1915-nji ýylda bu sebitden ilkinji gezek opal tapylandan soň, Kuber-Pedi şäherçesi esaslandyrylýar. Az wagtdan bu ýere dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan adamlar göçüp gelip, opal gazyp almak bilen meşgullanyp başlaýarlar. Dünýäde opal önümçiliginiň 95 göterimini Awstraliýa emele getirýär. Şol sebäpli Kuber-Pedi şäherçesine «Dünýäniň opal paýtagty» diýilýär.
Opal näme? Opal gidratlanan amorf kremniý görnüşidir. Opal sanskrit dilindäki «upala» sözünden gelip çykyp, «gymmatbaha daş» diýmegi aňladýar. Bu gymmatbahaly mineral gök reňkde bolup, ýalpyldawuk şöhle saçýar. Opal şaý-seplere, ýüzüge gymmatbahaly daş hökmünde oturdylýar. Gök daşdan monjukdyr gulakhalka hem ýasalýar. Mundan başga-da, oda çydamly gurluşyk materiallaryny öndürmekde opaldan peýdalanylýar.
Kuber-Pedi şäherçesinde 250 müňden gowrak şahta bar. Bu ýerde topragyň azdygy, çäge garyşyk daş gatlagynyň bolmagy şahta gazmak işlerini kynlaşdyrýar. Şahtalaryň ählisi döwlete degişli bolup, hususy eýeçilik ýöredilmeýär. Ýaşaýjylar ilkibaşda öýünden hem opal gazyp alyp bilýärdiler. Ýöne soňky ýyllarda ýerasty ýaşaýyş jaýlarynda gök magdan känini gazyp almak gadagan edildi.
Magdançylar şäherçesine halk arasynda «Ak adamyň çukury» hem diýilýär. Sebäbi ilatyň ýarysyndan gowragyny ýewropalylar emele getirýär. Kuber-Pedide tomsuna howanyň gyzgynlygy 45-50 derejede saklanýar. Ösümligiň azdygy, suw ýetmezçiligi we şäherçäniň gurak ýerde ýerleşmegi, tozanly hem-de epgekli ýelleriň köp öwüsmegi ýaşaýyş şertini kynlaşdyrýar. Şol sebäpli şäherçäniň ýaşaýjylary baýyrlary gazyp, ýerasty jaýlary gurýarlar. Şäherçäniň ilatynyň 60 göterimden gowragy ýeriň astynda ýaşaýar. Ýerasty öýler sessiz we rahat bolup, içki temperatura 23 derejede saklanýar. Şeýle hem tomus paslynda duş gelýän zäherli mör-möjeklerden goranmaga ýardam edýär. Şäherçede dartgynly wakalara baý birnäçe film («Gara reňk», «Gyzyl planeta», «Kenguru Jek», «Opal arzuwy», «Marsdaky ýyldyzlar») surata düşürildi.
PDF









