Pasyl çalşygynda we howanyň aşa yssy günlerinde gan basyşynyň üýtgemegi bilen bagly ýagdaýlar ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Ýokary gan basyşy (gipertoniýa) ýürek-damar ulgamyna ýaramaz täsir edýän ýagdaýlaryň biridir. Gipertoniýa bejerilmese ýa-da üns berilmese, ýürek ýetmezçiligi, beýnide gan aýlanyşynyň bozulmagy we böwregiň işi bilen bagly çynlakaý meseleler ýüze çykyp bilýär. Hünärmenler gan basyşyny kadaly saklamagyň ýa-da ýokary gan basyşyny tebigy ýollar bilen peseltmegiň usullaryny maslahat berýärler.
Gün tertibine eýermek. Nädogry iýmitlenmek we uky ýetmezçiligi gan basyşynyň ýokarlanmagyna täsir edýär. Bularyň öňüni almak üçin gün tertibine eýermeli, doly we dogry iýmitlenmeli hem-de ýeterlik derejede dynç almaly.
Agramy gözegçilikde saklamak. Artykmaç agram bedende dürli kynçylyklary döredýär. Şolaryň biri hem gan basyşynyň ýokarlanmagydyr. Boýuňa we ýaşyňa görä agramy kadaly derejede saklamaga çalyşmaly. Munuň üçin bolsa, sagdyn iýmitlenmeli we sport bilen meşgullanmaly.
Limonly suw we aýran içmek. Limonda saklanýan kaliý duzuň gan basyşyny ýokarlandyrmakdaky täsirini peseldýär. Limonly suw içmek gan basyşynyň ýokarlanmagynyň öňüni alyp, bedeniň köşeşmegine ýardam edýär. Mundan başga-da, her gün ýeterlik derejede süýt önümlerini iýmek, esasan hem, duzsuz aýran içmek gan basyşyny kadaly derejede saklamaga kömek edýär.
Sarymsak iýmek. Sarymsak damarlary giňeldip, gan aýlanyşyny kadalaşdyrýar. Ajymtyk ýiti tagamly bu gök önümi çigligine iýmek ýa-da nahara goşmak bilen gan basyşyny kadaly derejede saklap bolýar.
Käbir iýmitleri goşmak. Iýmit sanawnamasyna kaliý, kalsiý we Omega-3 ýag kislotasyna baý önümleri goşmak gan basyşyny kadaly derejede saklamaga ýardam edýär. Banan, awokado, pomidor we gawun ýaly miwedir gök-bakja önümlerinde ýeterlik derejede kaliý saklanýar. Süýt önümlerinde, brokkolide, badamda we gök otlarda kalsiniň esasy bölegi saklanyp, balykda (losos), hozda, ýumurtgada we kösükli önümlerde Omega-3 ýag kislotasy bar. Bular gan basyşyny kadaly saklamak üçin örän peýdalydyr.
Maşk etmek. Hepdede azyndan 2 sagat orta tizlikde maşk etmek, çalt-çaltdan ýöremek ýa-da ýeňiljek ylgamak gan basyşyny kadaly derejede saklamak üçin peýdalydyr. Sebäbi bu maşklar toplumy ýürek-damar ulgamyny berkitmäge ýardam edýär.
Sowuk suwa ýuwunmak. Hünärmenleriň bellemegine görä, suwa düşülende, ilki ýyly, soňra sowuk suw bilen ýuwunmak nerw damarlaryny herekete getirip, bedeni rahatlandyrýar hem-de ýokary gan basyşynyň öňüni almaga ýardam edýär.
PDF









