ABŞ-nyň Aerokosmos edarasy (NASA) ýarym asyrdan gowrak wagtdan soňra Aýa syýahaty ýola goýmagy maksat edinýär. NASA «Artemis» maksatnamasynyň üçünji tapgyry bilen kosmosa gitjek ekipažyň agzalaryny mälim etdi. Hýustondaky Jonson kosmos merkezinde geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynda «Artemis III» missiýasynyň çäklerinde Ýeriň hemrasyna Rendolf Breznik (serkerde), Luka Parmitano (Ýewropa Kosmos Agentliginden, pilot, italiýaly), Fransisko Rubio we Andre Duglas (hünärmen), Robert Haýns bolsa ekipažyň ätiýaçdaky agzasy hökmünde tanyşdyryldy. NASA-nyň «Artemis» maksatnamasynyň ýolbaşçysy Jeremi Parsons uçuşyň iki hepde dowam etmegine garaşylýandygyny mälim etdi. Parsons missiýanyň Aýa amala aşyryljak soňky taýýarlyk uçuşy boljakdygyny belledi.
«Artemis III» şowly bolan ýagdaýynda «Artemis IV» maksatnamasy bilen adamzat Aýyň ýüzüne aýak basar. NASA Aýda adamlaryň hemişe boljak desgasyny gurmak üçin umumy bahasy 20 milliard dollar bolan maýa goýum goýar.
Mundan ozal 1-nji aprelde «Artemis II» missiýasynyň çäklerinde uçuş amala aşyrylyp, astronawtlar Aýyň daşyndan aýlanyp, yzyna gaýdypdylar. 10 gün dowam eden bu uçuşda ekipaž jemi 1 million 118 müň kilometre golaý ýol geçipdi hem-de Aýyň garaňky tarapy ilkinji gezek adamyň gözi bilen görlüpdi.
Hümmet Hümmedow,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Ylym neşirýatynyň hojalyk işleri boýunça müdiri.
PDF









