Häzirkizaman dünýäsinde tehnologiýanyň ösmegi bilen durmuşymyz ep-esli ýeňilleşdi. Ýöne şol bir wagtyň özünde hereketsizlik hem artdy. Bedeniň we ruhuň sagdynlygyny gorap saklamagyň iň täsirli, hemmeler üçin elýeterli ýoly bolsa, sport bilen meşgullanmakdyr. Sport diňe bir daşky görnüşi gözelleşdirmän, eýsem, bütin bedeniň kadaly işlemegini üpjün edýär. Bilermenleriň bellemegine görä, yzygiderli fiziki işjeňlik ýürek myşsalaryny berkidýär we gan aýlanyşyny gowulandyrýar. Sport bilen meşgullanýan adamlarda ýürek keselleriniň töwekgelçiligi peselýär, gan basyşy we gandaky holesteriniň derejesi kadaly saklanýar. Sport diňe bir bedene däl, eýsem, zehine oňyn täsir edýär. Maşk edilýän wagty adam bedeninde endorfin (bagt gormony) bölünip çykýar. Sport aladany we stresi azaltmagyň iň tebigy usulydyr. Ol ukynyň hilini gowulandyrýar, ir bilen şähdaçyk we ruhubelent halda oýanmaga kömek edýär.
Semizlik dünýäde häzirki döwrüň iň uly meseleleriniň biridir. Artykmaç agramdan ejir çekýänler hem bar. Sport bilen meşgullanmak kaloriýany ýakmaga we bedeniň alyş-çalyş (metabolizm) işini çaltlandyrmaga ýardam edýär. Bu bolsa artykmaç agramdan halas bolup, boýuňa görä agramyň saklanmagyna ýardam edýär.
Ýaşyň geçmegi bilen bedende süňkleriň gowşamagy ýaly nähoşluklar ýüze çykyp bilýär. Ylgamak ýa-da çalt ýöremek süňk dokumalaryny we myşsalary güýçlendirýär, bogunlaryň çeýeligini artdyrýar.
Yzygiderli we ortaça agramlykdaky sport maşklary bedeniň goranyş ulgamyny, ýagny immuniteti berkidýär. Sport bilen meşgullanýanlar kesellere has az duçar bolýarlar, kesellän ýagdaýlarynda hem tiz gutulýarlar.
Sport bilen meşgullanmak üçin professional türgen bolmak hökman däl. Günüň dowamynda 30-45 minut ýöremek, welosiped sürmek ýa-da ýüzmek hem saglygyňyz üçin peýdalydyr.
Seýdi Taýlyýew,
Görogly etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň lukman-epidemiology.
PDF









