Ýurdumyz dünýä döwletleri hem-de abraýly halkara guramalar bilen ykdysady, durmuş, ylym, bilim we medeni ugurlarda strategik hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär.
Türkmenistan BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlyk etmäge uly ähmiýet berýär, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, sebit we dünýä möçberinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýaly möhüm meseleleri çözmek boýunça ylalaşylan çemeleşmeleri işläp taýýarlamak boýunça ählumumy tagallalary birleşdirmäge işjeň gatnaşyjy bolup durýar. Durnukly ösüş maksatnamalarynda dünýäde ykdysady ösüşi gazanmak, saglygy goraýşy ýokarlandyrmak we sosial deňligi gazanmak, şol sanda daşky gurşawy gorap saklamak we howanyň üýtgemeginiň öňüni almak boýunça işleriň geçirilmelidigi nygtalýar.
Häzirki döwürde ählumumy ekologiýa durnuklylygy we daşky gurşawy goramak meseleleri Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ählumumy ekologiýa diplomatiýasyna laýyklykda, ýurdumyz tarapyndan «ýaşyl» ykdysadyýet, ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak we arassa energiýa çeşmelerini netijeli peýdalanmakda halkara derejesinde wajyp başlangyçlar öňe sürülýär we olar halkara jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylyp, üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Abadan we parahat durmuşyň esasy girewi bolan energiýa serişdeleriniň hem-de uglewodorod gorlarynyň umumadamzat bähbitlerine hyzmat etmegi ugrunda Türkmenistan iri taslamalaryň başyny başlaýar. Ýurdumyzyň energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna ygtybarly we howpsuz getirmek baradaky uzak möhletli maksatnamalarydyr halkara taslamalary munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu ugurda halkara ulag-logistika geçelgeleriniň döredilmegi sebitara ykdysady integrasiýany we durnukly ösüşi üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan her ýylyň 26-njy noýabry «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edildi. Bu bolsa durnukly ösüşi gazanmagyň möhüm şerti hökmünde ulag-kommunikasiýa ulgamyna möhüm ähmiýet berilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga, hereket edýän ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny giňeltmäge we täzelerini döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn milli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Garaşsyz ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda netijeli, täzeçil daşary syýasy strategiýany üstünlikli durmuşa geçirmek arkaly saýlap alan döredijilikli ýoly bilen öňe tarap ynamly gadam urýar, tutuş dünýäde parahatçylygy, abadançylygy we rowaçlygy üpjün etmäge, Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetilmegine mynasyp goşant goşýar.
Esenali Araliýew,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
PDF









