1934-nji ýyldan bäri Dünýä Kubogynda ýeňiş gazanyp bilenok

11

Dünýä Kubogynyň “G” toparçada Belgiýa bilen Müsüriň arasyndaky oýunda-da ýeňiş gazanan bolmady. Sietldäki “Lumen Field”-däki duşuşyga 66 müň 775 janköýer tomaşa etdi. Çekeleşikli geçen oýunda Müsüriň ýygyndysy Emam Aşuryň 19-njy minutdaky goly bilen öňe saýlandy. Bu goluň pasyny bolsa şol gün 34 ýaşa gadam basan Mohamed Salah berdi.

Belgiýanyň hasaby deňlän goluny 66-njy minutda Lukakunyň oýna giren dessine onuňam goşundy bilen Mohamed Hani öz derwezesinden girizdi. Şeýlelikde, duşuşyk 1-1 hasabynda deňlikde tamamlanyp, Müsüriň ýygyndysy 4-nji gezek gatnaşýan çempionatynda ýene-de ýeňiş gazanyp bilmedi. Ilkinji gezek 1934-nji ýylda gatnaşan Müsüriň şu wagta çenli Dünýä Kubogynyň çäginde geçiren 8 duşuşygyndaky 3-nji deňligi bolup, olaryň häzirlikçe ýeňşi ýok.