Häzirki döwürde ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşy taryhy wakalara beslenýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademikligine saýlanylmagy, şeýle hem ykdysady we syýasy ylymlaryň professory alymlyk adynyň berilmegi ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiligini, bütin halkymyzy uly buýsanç we şatlyk duýgusyna gaplady. Bu taryhy waka döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň ylmyny we bilimini ösdürmekde, döwlet dolandyryşynda we ykdysady özgertmeleri amala aşyrmakda bitiren bimöçber hyzmatlarynyň ylmy jemgyýetçilik tarapyndan gadyrlanmagynyň aýdyň subutnamasydyr. Soňky ýyllarda ýurdumyzda ylmy-barlag işleriniň gerimi giňeldi, ylmy edaralaryň maddy-tehniki binýady pugtalandyryldy, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp baryldy. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary esasynda ylmyň ykdysadyýetiň dürli pudaklary bilen arabaglanyşygy güýçlendirilýär, sanly ykdysadyýeti ösdürmek, innowasion taslamalary durmuşa geçirmek hem-de ylmyň netijelerini önümçilige giňden ornaşdyrmak boýunça möhüm işler amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylmy tejribesine we nazaryýetine goşan goşandy örän uludyr. Häzirki wagtda Türkmenistan diňe bir ykdysady taýdan däl, eýsem, ylmy-intellektual taýdan hem dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulýar. Döwlet Baştutanymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň göwrümli özgertmeler taryhy esaslara we öňdebaryjy ylmy tejribelere daýanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyza ykdysady we syýasy ylymlaryň professory alymlyk adynyň berilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Bu hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň, innowasion tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagyna, makroykdysady durnuklylygyň we halkara hyzmatdaşlygyň berkidilmegine goşan ägirt uly şahsy goşandyna goýlan ýokary hormatdyr.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi diýen ýokary adyň berilmegi, ýurdumyzyň ylmy intelligensiýasynyň ýaş nesil üçin uly görelde mekdebidir. Milli ylmymyzyň täze taryhy tapgyra gadam basýan döwründe, bu waka ähli alymlary, aspirantlary we talyp ýaşlary täze ylmy açyşlara, ýurdumyzyň ykdysady we durmuş ösüşine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar.
Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy milli ylmyň iň esasy merkezi hökmünde ýurdumyzda alnyp barylýan ylmy gözlegleriň utgaşdyrylmagynda möhüm orun eýeleýär. Akademiýanyň agzalygyna saýlanylmak alymyň ylym ulgamyndaky ýokary abraýyny we hyzmatlaryny tassyklaýar.
Ykdysady we syýasy ylymlaryň professory alymlyk adynyň berilmegi hem aýratyn many-mazmuna eýedir. Bu hormatly at döwlet dolandyryşynda ylmy çemeleşmeleriň, ykdysady ösüşiň hem-de syýasy durnuklylygyň arabaglanyşygyny üstünlikli üpjün etmegiň netijesidir. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň häzirki derejesi, halkara abraýynyň barha ýokarlanmagy we halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi döwlet syýasatynyň ylmy taýdan esaslandyrylandygyny aýdyň görkezýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademikligine saýlanylmagy we ykdysady hem-de syýasy ylymlaryň professory alymlyk adynyň berilmegi milli ylmymyzyň, bilim ulgamymyzyň we tutuş ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleriniň nobatdaky beýanydyr. Bu taryhy waka türkmen ylmynyň täze ösüşlerine, innowasion başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine hem-de Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda mynasyp orun eýelemegine hyzmat eder.
Mamajan HAÝTMURADOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
PDF








