Ýaşlar – Watanymyzyň geljegini gurujylar

1

Hä­zir­ki dö­wür­de dün­ýä­niň ösü­şi ylym, bi­lim we in­no­wa­si­ýa­lar bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Is­len­dik döw­le­tiň kuw­wa­ty onuň te­bi­gy baý­lyk­la­ry bi­len bir­lik­de, il­kin­ji no­bat­da, bi­lim­li we dö­re­di­ji­lik­li ýaş­la­ry­na da­ýan­ýar. Şo­nuň üçin hem ylym­ly ýaş­lar Wa­ta­ny­my­zyň gel­je­gi­ni gu­ru­jy­lar­dyr.
Türk­me­nis­tan­da ýaş­la­ryň ylym­ly-bi­lim­li bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Döw­re­bap mek­dep­ler, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri, yl­my mer­kez­ler we san­ly bi­lim ul­ga­my ýaş­la­ryň bi­lim de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga hyz­mat ed­ýär. Döw­let ta­ra­pyn­dan be­ril­ýän gol­daw­lar, hal­ka­ra olim­pia­da­la­ra we yl­my mas­la­hat­la­ra gat­naş­mak üçin dö­re­dil­ýän şert­ler ýaş­la­ryň tä­ze üs­tün­lik­le­re ýet­me­gi­ne iter­gi ber­ýär.
Ylym­ly ýaş­la­ryň esa­sy aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň bi­ri ola­ryň dö­re­di­ji­lik­li pi­kir­len­mek uky­by­dyr. Şeý­le ýaş­lar ýü­ze çyk­ýan me­se­le­le­riň tä­zeçil çöz­güt­le­ri­ni tap­ma­ga ça­lyş­ýar­lar. Olar mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, luk­man­çy­lyk, oba ho­ja­ly­gy, ener­ge­ti­ka we beý­le­ki ugur­lar­da yl­my açyş­la­ry ama­la aşyr­mak ar­ka­ly ýur­duň ösü­şi­ne go­şant goş­ýar­lar.
Däp bol­şy ýa­ly, her ýyl ýur­du­my­zyň ýaş­la­ry­nyň ara­syn­da yl­my iş­ler bo­ýun­ça bäs­le­şik ge­çi­ril­ýär. «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan – be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­lyn­da yg­lan edi­len yl­my bäs­le­şi­ge ýaş alym­la­ryň we ta­lyp­la­ryň 1 müň 500-den gow­ra­gy gat­naş­dy. Olar yl­myň, teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň esa­sy al­ty ug­ry bo­ýun­ça öz iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ry­ny, yl­my usul­la­ry­ny, yl­my bar­lag­la­ry­ny hö­dür­le­di­ler. Bäs­le­şik na­no­teh­no­lo­gi­ýa­lar, hi­mi­ki teh­no­lo­gi­ýa­lar, tä­ze ma­te­ri­al­la­ry öw­ren­mek we ener­ge­ti­ka; bio­teh­no­lo­gi­ýa, mo­le­kul­ýar bio­lo­gi­ýa, oba ho­ja­ly­gy, eko­lo­gi­ýa we ge­ne­ti­ka; mag­lu­mat we ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ry, komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ry; hä­zir­ki za­man luk­man­çy­lyk we der­man se­riş­de­le­ri­ni ön­dür­mek teh­no­lo­gi­ýa­la­ry; in­no­wa­si­on yk­dy­sa­dy­ýet; yn­san­per­wer ylym­lar ýa­ly ugur­lar bo­ýun­ça ge­çi­ril­di. Bäs­le­şi­ge gat­na­şan ýaş­la­ryň 170-si ýe­ňi­ji­ler hök­mün­de saý­la­nyp alyn­dy. Ýe­ňi­ji­le­re döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň adyn­dan şa­ha­dat­na­ma­lar we gym­mat ba­ha­ly sow­gat­lar gow­şu­ryl­dy.
Ylym­ly ýaş­lar döw­le­tiň gym­mat­ly baý­ly­gy­dyr. Olar gel­jek­de ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy, yl­my we me­de­ni ösü­şi­niň esa­sy he­re­ket­len­di­ri­ji güý­ji bo­lar­lar. Şo­nuň üçin ýaş­la­ryň ylym-bi­lim al­ma­gy­na aý­ra­tyn üns ber­mek, ola­ryň ze­hi­ni­ni açyp gör­kez­mek we dö­re­di­ji­lik müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňelt­mek Wa­ta­ny­my­zyň gel­je­gi­niň berk bin­ýa­dy­dyr.
Mun­dan baş­ga-da, ylym­ly ýaş­lar wa­tan­çy­lyk ru­hu­nyň ber­ke­me­gi­ne hem ýar­dam ed­ýär­ler. Çün­ki öz bi­li­mi we zäh­me­ti bi­len Wa­ta­nyň ab­ra­ýy­ny hal­ka­ra de­re­je­sin­de ýo­kar­lan­dyr­ýan ýaş­lar jem­gy­ýet üçin gö­rel­de bo­lup hyz­mat ed­ýär­ler. Ola­ryň ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri beý­le­ki ýaş­la­ry hem tä­ze mak­sat­la­ra ruh­lan­dyr­ýar.

Ogulbilbi ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy.