28 ýyldan soň 2-nji gezek 1/8 finala çykdy

18

Dünýä Kubogynda 1/16 finalyň oýunlary ýokary depginde dowam edýär. Dallasdaky AT&T Stadium-da Kot-d’Iwuar bilen Norwegiýanyň ýygyndylary duşuşdy. Çekeleşikli we dargtynly geçen oýunda ýewropalylar ýeňiş gazanmagy başardy. Oýnuň 39-njy minutynda Antonio Nusa owadan gol bilen Norwegiýany öňe geçirdi. Duşuşygyň 74-nji minutynda 2-3 kişini aldap, topy tora gönükdiren Amadu Diallo hasaby deňledi. Duşuşygyň esasy wagtynyň tamamlanmagyna 4 minut galanda, has takygy, 86-njy minutda Erling Holann tapawutlanyp çempionatdaky 5-nji goluny geçirdi. Oýunda 2-1 hasabynda ýeňiş gazanan Norwegiýanyň ýygyndysy 1998-nji ýyldan soň taryhynda 2-nji gezek 1/8 finala adyny ýazdyrdy.

Duşuşykda ýeňiş goluny geçiren Erling Holannyň milli topardaky pökgüleriniň sany 60-a ýetdi. Ol 53 oýunda bu görkezijä ýetmegi başardy. Ol milli toparlarda Gerd Müllerden soň iň çalt 60 gola ýeten 2-nji futbolçy boldy.

Norwegiýanyň 1/8 finaldaky garşydaşy Braziliýanyň ýygyndysy bolar. Iki topar mundan öň 4 gezek duşuşyp, şolaryň 2-sinde Norwegiýa ýeňiş gazandy. 2 oýun bolsa deňlikde tamamlandy. Braziliýa bilen Norwegiýa 1998-nji ýylda toparçada duşuşypdy we şonda Braziliýa 2-1 hasabynda utulypdy. Başgaça aýdylanda, Norwegiýa şu wagta çenli Braziliýadan ýeňilmän gelýär.