Türkmenistan gadymdan bäri bugdaýyň, bereketli hasylyň we zähmetsöýer daýhanlaryň mekany hökmünde tanalýar. Şonuň üçin hem ýurdumyza «Gallaly il» diýilýär. Bu at diňe bir bugdaýyň köp öndürilýändigini däl, eýsem, halkymyzyň zähmete bolan hormatyny hem görkezýär.
Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, yhlasly zähmet çekýän gallaçy kärendeçiler şu möwsümde şertnamalaýyn borçnamadan daşary bugdaý tabşyrýarlar. Gallaçylar bilen hasaplaşyk işleriniň dessine geçirilmegi hasyl ussatlarynyň zähmet öndürijiligini has-da artdyrýar. Bereketli hasyly ýetişdirmegiň aňyrsynda hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagyny ösdürmek, daýhana hemmetaraplaýyn kömek-goldaw bermek barada edýän aladalary, şonuň ýaly-da topraga irginsiz hyzmat edýän adamlaryň zähmeti ýatyr. Bu üstünlikler sazlaşykly işleriň netijesinde gazanylýar. Häzirki wagtda Ahal we Balkan welaýatynyň gallaçy daýhanlary şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak, galla oragyny gysga möhletde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Bugdaý öndürijiler bilen döwlete tabşyrylýan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär.
Bugdaý türkmen saçagynyň berekedidir. Ondan taýýarlanylýan çörek halkymyz üçin mukaddes hasaplanýar. Türkmenlerde çörege uly hormat goýulýar, bu däp halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň biridir. Ýurdumyzyň bugdaý meýdanlaryna tomus paslynda altyn öwüşgin çaýylyp, ajaýyp görnüşe eýe bolýar. Hasyl ýygnalýan möwsüm bolsa, daýhanlar üçin iň jogapkärli döwürdir. Olaryň yhlasy netijesinde ýurdumyzyň azyk bolçulygy üpjün edilýär. Gallaly il hökmünde tanalýan ýurdumyzda diňe bir bugdaý ösdürilip ýetişdirilmän, oba hojalygyny döwrebaplaşdyrmak we azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak ugrunda hem uly işler alnyp barylýar. Gallanyň berekedi halkyň abadançylygydyr. Şonuň üçin her bir bugdaý dänesi zähmetiň, berekediň we Watana bolan söýginiň nyşanydyr.
Mähri REJEPOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
PDF









