Gazagystanda täze Konstitusiýa güýje girdi

3

Gazagystanda 1-nji iýuldan başlap, şu ýylyň 15-nji martynda geçirilen ählihalk referendumynda kabul edilen täze Konstitusiýa güýje girdi we ýurduň 1995-nji ýylda kabul edilen öňki Esasy Kanuny öz güýjüni ýitirdi. Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaew täze Konstitusiýanyň güýje girmegi mynasybetli halka ýüzlenmesinde bu wakanyň özygtyýarly döwletiň taryhynda täze döwri alamatlandyrýandygyny, syýasy ulgamyň düýpli özgerdilmegine, döwlet we raýat jemgyýetiniň esasy institutlarynyň täzeçillik esasynda ösdürilmegine hem-de giň gerimli ykdysady özgertmelere badalga berjekdigini aýratyn belledi. Täze Konstitusiýa laýyklykda, ýurtda bir palataly parlamente geçilýär, wise-prezident wezipesi döredilýär hem-de Halk maslahatyna ýurduň ýokary maslahat beriji organy derejesi berilýär. Mundan başga-da, Konstitusiýa laýyklykda, mundan beýläk Gazagystanyň Konstitusiýa güni her ýylyň 15-nji martynda dabaraly ýagdaýda belleniler.