Dünýä Kubogynyň iň ýaş tälimçisi wezipesinden gitdi

3

Dünýä Kubogynda 1/16 finaldan yzyna gaýdan Germaniýanyň ýygyndysynda taraplaryň ylalaşygynyň netijesinde tälimçi Ýulen Nagelsmann wezipesini taşlady. Nagelsmann wezipesini taşlamagy bilen baglanyşykly: – Bu barada köp pikir etdim. Milli ýygyndyda täze başlangyçlaryň wagty geldi – diýip, belläp geçdi. Nagelsmann şu Dünýä Kubogynyň iň ýaş tälimçisi bolupdy.

23-nji iýulda 39 ýaşyny doldurjak Nagelsmann 2023-nji ýylyň sentýabryndan bäri bu wezipede işleýärdi. Germaniýanyň ýygyndysy onuň tälimçiliginde 37 oýunda 23 ýeňiş gazandy, 7 oýunda-da utuldy (7 deňlik). 2 ýyl Germaniýada geçirilen Ýewropa çempionatynda ýer eýeleri çärýek finalda Ispaniýadan asgyn geldi.

Nagelsmann “Hoffenhaým”, “Leipsig” hem-de “Bawariýa” klublaryna-da tälimçilik etdi.

Germaniýada ýurduň federasiýasy tarapyndan Nagelsmannyň ornuna meşhur Ýurgen Klopp bilen gepleşikleriň geçirilip başlanandygy habar berildi.

Germaniýadan öň Dünýä Kubogyna gatnaşan ýygyndylardan Günorta Koreýa, Urugwaý, Ekwador, Çehiýa hem-de Niderlandlaryň milli toparlarynyň tälimçileri hem wezipelerini taşladylar.