Ýüz­me­gi nä­dip öw­ren­me­li?!

3

To­mus pas­ly­nyň do­wam ed­ýän gün­le­rin­de ser­gin­le­mek hem-de wag­ty­my­zy has-da şa­dy­ýan ge­çir­mek üçin iň gy­zyk­ly güý­men­je­le­riň bi­ri hem suwda ýüz­mek bol­sa ge­rek. De­ňiz ke­na­ryn­da, ça­ga­lar sa­gal­dyş-dynç alyş mer­kez­le­rin­de ýö­ri­te ho­wuz­lar bo­lup, bu ýer­ler­de ýüz­mek üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­di­len. Şeý­le hem paý­tag­ty­myz­da we we­la­ýat­la­r­da suw-sport des­ga­la­ry bo­lup, ol ýer­ler­de dür­li ýaş­da­ky ça­ga­lar üçin ni­ýet­le­nen ho­wuz­lar­da is­leg bil­dir­ýän­le­re ýüz­me­giň düz­gün­le­ri öw­re­dil­ýär. Ge­liň, be­den üçin iň peý­da­ly sport gör­nüş­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýan ýüz­me­giň düz­gün­le­ri bi­len ta­nyş bo­la­lyň!
Ýüz­mek ada­ma do­ga­bit­di ber­len en­dik­le­riň bi­ri­dir. Em­ma mu­ny ýü­ze çy­kar­mak we kä­mil­leş­dir­mek üçin bir­nä­çe şert­le­re üns ber­me­li. Ýüz­me­gi öw­ren­mek üçin, il­ki bi­len, çi­şi­ril­ýän re­zin ho­wuz­da ýa-da saý suwda aýak we el he­re­ket­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­ti­rip gör­me­li. Edil de­ňiz­de ýüz­ýän ýa­ly eliň bi­len su­wy gu­laç­lap, aýa­gyň bi­len su­wy yza ser­pik­di­rip, kel­lä­ňi iki gap­da­la he­re­ket et­di­rip, bir­nä­çe hep­de tür­gen­le­şik geç­me­li. El-aýa­gyň ýüz­mä­ge öw­re­ni­şen­den soň, ulu­la­ryň gö­zeg­çi­li­gi as­tyn­da ho­wuz­da ikin­ji sy­na­ny­şyk­la­ra baş­la­ma­ly. Mu­nuň üçin suw-sport top­lum­la­ry­na gat­nap bi­ler­si­ňiz. Il­ki­baş­da ho­wuz­da ýü­zü­len­de eli­ňe we bi­li­ňe da­kyl­ýan howp­suz­lyk ba­llon­jy­gy­ny ulan­ma­ly. Ýö­ri­te tä­lim­çi­le­riň suw­da ýüz­me­gi öw­red­ýän sa­pa­gy­na gat­nap, has kä­mil­leş­ip bi­ler­si­ňiz.
Suwda ýü­zü­len­de üns ber­me­li esa­sy şert­le­riň bi­ri dog­ry dem al­mak­dyr. Öý­de ýa-da suw-sport top­lu­my­na gi­di­len­de su­wa do­ly de­re­je­de çüm­mez­den, di­ňe kel­lä­ňi ba­tyr­mak ar­ka­ly de­mi­ňi sak­la­mak maşk­la­ry­ny öw­ren­me­li. In­di­ki şert­le­riň bi­ri su­wuň ýü­zün­de du­rup bil­me­gi öw­ren­mek­dir. Mu­nuň üçin su­wuň ýü­zün­de arkan ýatyp, eli­ňi we aýa­gy­ňy ýa­ýyp, ra­hat dem alyp, dur­ma­ga ça­lyş­ma­ly. Bu en­dik gark bol­ma­gyň öňü­ni al­mak hem-de ýü­züp bar­ýar­kaň dynç al­mak üçin mö­hüm­dir. Suwda ýü­zü­len­de iň esa­sy he­re­ket aýa­ga de­giş­li bo­lup, aýa­gy­ňy gös-gö­ni he­re­ket et­dir­me­gi we su­wy de­pip, öňe git­me­gi öw­ren­me­li. Mu­nuň üçin how­zuň gy­ra­syn­da otu­ryp, aýa­gy­ňy tür­gen­leş­di­rip bol­ýar. Aýak he­re­ket­le­ri öw­re­ni­len­den soň, el he­re­ket­le­ri­ni hem kä­mil­leş­dir­mek ge­rek. Mu­ny dö­şüňe ýetip duran suw­da dik du­ran ýe­riň­de eliň bi­len su­wy gulaçlamak ar­ka­ly öw­re­nip bol­ýar.

Howp­suz­lyk düz­gün­le­ri­ni ber­jaý ediň!
Özüňizi ökde ýü­züji hasap edýän hem bolsaňyz, çuň ýa-da akar su­wa gir­mek­den sak­la­nyň! Çün­ki bu si­ziň üçin howp­lu­dyr. Su­wa gi­ri­len­de aras­sa­ly­gy­na üns ber­me­li. De­ňiz su­wy şor (duz­ly) bo­lan­dy­gy üçin süý­ji su­wa ga­ra­nyň­da, has dy­kyz bol­ýar. Şor su­wa ga­ra­nyň­da süý­ji suw­da ýüz­mek has kyn. Ýa­ta suw­la­ra, ha­pa suw­ly köl­le­re ýa-da su­wy wagt­ly-wag­tyn­da çal­şyl­ma­dyk ho­wuz­la­ra gir­mek­den ga­ça dur­ma­ly. Göz we de­ri ke­sel­le­ri ha­pa suw ar­ka­ly hem ge­çip bil­ýär. Süýr gü­nor­tan su­wa gir­mek­den sak­lan­ma­ly. Gün şöh­le­si­niň dik düş­ýän wag­ty adam be­de­ni­ne ýa­ra­maz tä­sir ed­ýär. Na­har­dan soň we aç wag­tyň su­wa gir­mek mas­la­hat be­ril­me­ýär. Şol se­bäp­li na­har­la­ny­lan­dan 1 sa­gat çe­me­si wagt­dan soň ýüz­mek mas­la­hat be­ril­ýär.
Çalt ak­ýan suw ýüz­me­gi kyn­laş­dyr­ýar. Suw­da how­sa­la düş­mek gark bol­ma­gyň esa­sy se­bäp­le­ri­niň bi­ri bo­lup, dow­la dü­şen adam al­jy­rap özü­ni ýi­tir­ýär. Şeý­le ýag­daý­lar­da özü­ňi asu­da alyp bar­ma­ly. Ýö­ri­te ho­wuz­la­ryň tö­we­re­gi ty­pan­çak bol­ýan­dy­gy se­bäp­li, bu ýer­ler­de yl­ga­ma­ly däl. Oýun edip hem bol­sa, hiç ki­mi ha­bar­syz su­wa it­me­li däl. Ýa­da­ny­ňy­zy du­ýan ba­dy­ňy­za hök­man suw­dan çyk­ma­ly. Su­wa bir­den bök­me­li däl. Ýüz­mä­ge ök­de bol­sa­ňyz hem su­wa gi­re­ni­ňiz­de ýa­ny­ňyz­da ulu­la­ryň bol­ma­gy­na üns be­riň!