4-nji iýulda Daşoguz pagta egriji fabriginde nah we ýüň galyndylaryny, gamyş hem-de gowaça çöpüni gaýtadan işläp, mebel önümçiliginde, gurluşykda ulanylýan serişdeleri öndürýän önümçilik desgasynyň açylyş dabarasy boldy. Gurluşyk ulgamynda we mebel önümçiliginde zerur bolan serişdeleriň ýylda 7 müň 200 tonnasyny öndürmäge ukyply önümçilik desgasynyň işe girizilmegi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şanly wakalarynyň üstüni ýetirdi.
Ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagynda, gaýtadan işleýän senagatyň ösüşinde möhüm ähmiýeti bolan täze önümçilik desgasynyň açylyş dabarasyna welaýatyň häkimliginiň, dokma senagatyna degişli edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, köp sanly ýaşlar gatnaşdylar. Çäräniň aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşykly dowam etmegi dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Ulanmaga berlen täze önümçilik binasy dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýokary hilli enjamlary bilen üpjün edilipdir. Ol içerki sarp edijileri mebel önümçiliginde we gurluşykda ulanylýan ekologik taýdan arassa serişdeler bilen doly üpjün eder. Galyndysyz usulda işleýän önümçilik binasy daşky gurşawa zyýansyz bolmak bilen, onuň önümçiligi ekologik talaplara doly laýyk gelýär. Täze önümçilikde iş orunlarynyň 60-synyň döredilendigini aýratyn bellemek gerek.

Çykyşlarda pudaklaryň sazlaşykly ösüşine, dokma senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine gönükdirilen giň möçberli işleriň alnyp barylýandygy aýdyldy. Bu bolsa ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwrüň talaplaryna laýyk gelýän, häzirki zamanyň kämil enjamlary, sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen dokma kärhanalarynyň gurlup ulanmaga berilmegine giň ýol açýar. Diýarymyzda dokma senagatyna degişli önümçilik kärhanalary üstünlikli hereket edýär. Häzirki döwürde pudagyň garamagynda 59 sany kärhana hereket edip, olarda 24 müňe golaý işgär zähmet çekýär. Munuň özi ýurdumyzda adamlaryň zähmeti hem-de durmuş üpjünçiligi baradaky aladanyň hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigini alamatlandyrýar.
PDF









