Daşoguz welaýatynyň edermen gallaçylary azyk howpsuzlygynyň esasy çeşmeleriniň biri ak bugdaýyň bol hasylyny öndürip, uly zähmet ýeňşini gazandylar. 145 müň gektar ýerden 265 müň tonnadan gowrak hasyl ýygnap, ýurdumyzyň belent harmanyna mynasyp goşant goşdular. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.
Orak möwsüminiň dowamynda ýokary öndürijilikli kombaýnlaryň 339-sy bökdençsiz işledildi. Ýük ulaglarynyň 2 müň 100-den gowragy ýygnalan hasyly kabul ediş bölümlerine hem-de ammarlara üznüksiz daşady. Möwsümde göçme abatlaýyş-mehaniki toparlaryň 114-sinde oraga gatnaşýan mehanizatorlara, sürüjilere, kärendeçi gallaçylara toplumlaýyn hyzmatlar edildi. Tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyk işleri «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň ýerlerdäki bölümleri tarapyndan öz wagtynda amala aşyryldy. Welaýatyň Görogly, Şabat, Gubadag, Köneürgenç etraplary öňdeligi eýelediler. Oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan täze özgertmelere laýyklykda, Görogly etraby boýunça bugdaý ekilen 15 müň 500 gektar meýdandan 29 müň 450 tonnadan gowrak hasyl alyndy. Saparmyrat Türkmenbaşy etraby ak bugdaýyň bol öndürilýän etraby hasaplanýar. Bu ýerde şu ýyl hem 28,5 müň gektar meýdanda gallanyň bol hasyly ýetişdirilip, göz öňünde tutulan 51 müň 400 tonna derek, 54 müň tonna golaý bugdaý öndürildi. Gyzgalaňly dowam eden möwsümde demirgazyk sebitiň etraplarynyň daýhan birleşikleriniň aglabasynda işler nusgalyk derejede guralyp, bugdaý öndürmek boýunça ýokary netijeler gazanyldy.
PDF









