Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Hytaýda hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçýärler

9

28-nji iýundan 7-nji iýuly aralygynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 10 sany mugallymy Hytaý Halk Respublikasynyň Sian we Çende şäherlerinde ýerleşýän Sian nebit uniwersitetinde hem-de Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetinde “Gazylyp alynýan magdanlaryň geologiýasy we gözlegi” hem-de “Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (nebitgaz pudagynda)” ugurlaryna degişli hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler.

10 gün dowam edýän hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary üçin Sian nebit uniwersiteti hem-de Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersiteti tarapyndan ýörite meýilnama taýýarlanyldy. Meýilnama laýyklykda uniwersitetiň mugallymlary Sian nebit uniwersiteti hem-de Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersiteti, onuň okuw tejribehanalary, okuw merkezleri, muzeýleri bilen tanyşarlar. Mugallymlarymyz iş saparyň dowamynda Geologiýa muzeýlerine, “LONGi Green Energy Technology Co., Ltd.” kärhanasyna, Hytaýyň ylym we tehnika muzeýine baryp görerler.

Mälim boluşy ýaly 2024-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Sian nebit uniwersitetiniň, Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň, Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň we Hytaýyň bilim ulgamynda halkara alyş-çalyş assosiasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Ähtnamanyň çäklerinde mugallymlaryň hünär ussatlygyny we pedagogik başarnyklaryny ýokarlandyrmak, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň çäginde ýerleşýän Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasynyň durnukly ösüşini gazanmak, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň tejribesini öwrenmek, şeýle hem bilim ulgamynda hünärmenleriň arasynda amaly hyzmatdaşlygy ösdürýär.

Çeşme: Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti