6-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri sebitlerde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara daşamak, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde galla oragyndan boşan meýdanlary sürmek, bugdaý tohumyny möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, olary ilata ýetirmek babatda-da degişli çäreler görülýär. Şeýle hem häkimler ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl sebitlerde açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, meýdanlarda galan galla hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almak, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak, gowaça ideg etmek işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde welaýatlarda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler oba hojalyk işleriniň çäklerinde ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş kärhanalaryndan ammarlara, elewatorlara daşamak hem-de talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine taýýarlyk görmek maksady bilen, galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm, tekizleýiş işleri geçirilýär. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, önüm öndürijiler üçin ýokary hilli bugdaý tohumyny möwsüme taýýar etmek ugrunda zerur çäreler görülýär. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly dowam etdirilýär. Sebitlerde gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, bu önümler bilen içerki bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg etmek işleri, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyry ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, galla oragynyň tamamlaýjy tapgyrda dowam edýändigini aýtdy hem-de ýetişdirilen bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýitgisiz ýygnap almak, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak, gowaça ideg etmek boýunça alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin toplumlaýyn çemeleşmäniň zerurdygyny belledi.
PDF









